Sepleriň elýeterliligi

Eýrana ýadro ylalaşygyny kabul etmegi üçin basyş köpelýär


Eýranyň ýadro programmasy babatda BMG-niň araçylygyndaky ylalaşygy kabul etmegi üçin halkara basyşy köpelýär.

BMG-niň ýadro gözegçiligi gullugynyň başlygy Muhammet El Baradeý Eýrany bu ylalaşyga basymrak jogap bermäge çagyrdy. Teklip edilýän ylalaşyga görä, Tähran ýangyç üçin baýlaşdyrjak uranyny daşary ýurda ibermeli.

Bu çagyryşa Moskwadan Britaniýanyň daşary işler ministri Deýwid Miliband bilen onuň rus kärdeşi Sergeý Lawrow hem ses goşdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Eýranyň bu ylalaşygy kabul etmegi onuň izolýasiýany däl-de, hyzmatdaşlygy isleýändigini görkezer diýdi.

Fransiýanyň daşary işler ministri Bernard Kuşner Eýran bilen gepleşik geçirýän alty ýurt gijikdirme taktikalaryna çydamaz diýdi.

Eýranyň daşary işler ministri Manuçehr Mottaki teklip edilen ylalaşygy gaýtadan gözden geçirmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG