Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşington bilen Ýslam äleminiň gatnaşygyna täze badalga beriler


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Waşingtonuň prezident Obamanyň Yslam älemi bilen gatnaşyklaryna täze badalga berjekdigi barada beren wadasynda tapyljakdygyny aýtdy.

Ol Marokkada geçirilýän Ösüş forumynda eden çykyşynda, Amerikanyň hödürlejek bu proýektiniň ykdysadyýeti, kiçi göwrümli biznesi we bilim pudagyny ösdürmegi maksat edinjekdigini aýtdy.

Klintonuň sözlän bu sözleri mundan ozal Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň iýun aýynda Kairda eden çykyşyny ýaňsytdy. Şonda Obama ABŞ bilen Ýslam äleminiň aragatnaşygyny ösdürmek boýunça alada ediljekdigini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG