Sepleriň elýeterliligi

Merkel we Obama Owganystandaky ýagdaýlar barada pikir alyşdy


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama şu gün Waşingtonda duşuşyp, Owganystandaky ýagdaýlar we klimatyň üýtgemegine garşy alnyp barylýan halakara aladalar hakda gürrüň etdiler.

Duşuşykdan soňra habarçylaryň öňünde eden çykyşynda, Obama halkara meseleler boýunça Germaniýanyň adatdan daşary güýçli ýarandygyny aýdyp, Berliniň Owganystan boýunça alyp barýan işlerine gowy baha berdi.

Merkeliň, Birleşen Ştatlaryň Wekiller platasynyň we Kongresiniň agzalarynyň bilelikdäki ýygnagynda çykyş etmegine garaşylýar. Ol şol wekilleriň öňünde çykyş eden Germaniýanyň ikinji kansleri bolar.

Mundan ozal Germaniýanyň öňki kansleri Konrad Adenuar ady agzalýan palatalaryň wekilleriniň öňünde 1957-nji ýylda çykyş edipdi.

Merkeliň şol çykyşynda Transatlantik aragatnaşyklaryň geljegi we gündogar Ýewropada kommunizmiň dargamagy bilen bagly gürrüň etmegine garaşylýar.

Germaniýa 9-nji noýabrda Berlin diwalynyň ýykylmagynyň 20 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýär.
XS
SM
MD
LG