Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hameneýi: «Eýran «gedem» ABŞ bilen ýaraşyga «aldanmaz»


Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Aly Hameneýi düýn Birleşen Ştatlar «hakyky gedem döwlet» we Eýran onuň «ýaraşmakçy bolup görünmegine» aldanmaly däldir diýdi.

Hameneýiniň bu sözleri döwlet radiosyna eşitdirildi, ol Eýran Waşingtony tarapyndan öňünden netijesi kesgitlenen islendik gepleşige garşy çykar diýdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama özüniň Eýran bilen göni iş salyşmaga taýýardygyny aýtdy.

Obamadan öňki prezident bu hili göni gatnaşygy ret edipdi. 1979-njy ýylyň Yslam rewolýusiýasynyň yzysüre, radikal studentler Tährandaky amerikan ilçihanasyna kürsäp urup, 52 amerikalyny zamun alanlaryndan soň Waşington Tähran bilen diplomatiki gatnaşyklaryny kesipdi.

Eýran şu gün Tährandaky amerikan ilçihanasynyň basylyp alynmagynyň 30 ýyllygyny belleýär.
XS
SM
MD
LG