Sepleriň elýeterliligi

Karadiç BMG-niň sud diňlenişigine gatnaşdy


BMG-niň Ýugoslawiýa boýunça uruş jenaýatlary sudy düýn Radowan Karadiçiň gyrgyn suduna arakesme yglan etdi.

Sud ozalky bosniýaly serb lideriniň dowam edýän boýkoty bilen baglylykda bu işi nähili dowam etdirjegini indiki hepde aýdar.

Karadiç düýn geçen hepde başlananan sud diňlenişigine birinji gezek gatnaşdy. Ol BMG-niň sudýalarynyň öz hukuklaryny bozandyklaryny, sebäbi olaryň sud diňlenişigine sud edilýänsiz başlandyklaryny aýtdy.

Karadiç özüne goranyşa taýýarlanmak üçin ýeterlik wagt berilmändigini aýdýar. Ol 1995-nji ýylda günälendi we 14 aý bäri tussagda otyr.

Ozalky Ýugoslawiýa boýunça uruş jenaýatlary sudunyň prokurory sudýalary Karadiçe sud tarapyndan bellenen aklawçy berkitmäge we bu işi ol boýkot eden ýagdaýynda hem dowam etdirmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG