Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýran oppozisiýasy duýduryşlara bakmaýar


Eýranyň oppozisiýa toparlary hökümetiň amerikan ilçihananasynyň basylyp alynmagynyň 30 ýyllygyna gabat resmi çärelerden başga protest aksiýalaryny guramazlyk baradaky duýduryşlaryny bakmajaklaryny aýdýarlar.

Döwlet eýeçiligindäki habarlar gullugy bu gün resmi çärelerden başga ýygnanyşyklaryň ählisiniň bikanundygyny habar berdi.

Tähranyň bidüzgünçiliklere garşy birleşikleriniň baştutany, general Aly Reza Alipur polisiýanyň protestçilere garşy ähli güýç-kuwwatyny ulanjagyny aýtdy. Rewolýusiýa goragçylary hem şeýle duýduryş çap etdiler.

Emma, duýduryşlara garamazdan, AP habarlar gullugy reformaçy internet saýtlarynyň onlarçasynyň protestlere goşulmak baradaky çagyryşlary çap edendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG