Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB ýurtlary Owganystana goşmaça esger ibermek islemeýär


Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barrosa Ýewropa ýurtlarynyň Owganystana has kän goşun iberjege meňzemeýändigini aýtdy. Ýogsam bolmasa, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Owganystandaky amerikan goşunlarynyň sanyny artdyrmagyň pikirini edýär.

Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde geçirilen pikir soraşlyklar köpçüligiň goşunlary Owganystandan çykarmagyň tarapyndadygyny görkezýär. Ol ýerde häzir Birleşen Ştatlaryň 67 müň, ýaran ýurtlaryň bolsa 42 müň esgeri bar.

Barrosa şu gün Waşingtonda çykyp gürläp, Ýewropa ýurtlarynda ilat Owganystana kän goşun ibermäge beýle bir höwesek däl diýdi.
XS
SM
MD
LG