Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew gurmaçylykly jenaýatçylyga garşy kanuna gol çekdi


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew gurmaçylykly jenaýat toparlarynyň günäsi subut edilen agzalaryna has berk temmi bermek baradaky kanuna gol çekdi.

Orsýetiň habar gulluklary prezident Medwedowyň täze kanun barada aýdan sözlerine salgylanyp, onuň guramaçylykly jenaýatçylyk toparlaryna garşy kanuny çäre görmek mümkinçiliklerini giňeltjegini aýdýarlar.

Orsýetiň baş prokurorynyň birinji orunbasary Aleksandr Bastrikin indi häkimiýetler jenaýatçylyk hereketleriniň arkasynda duran adamlary hem yzarlap bilerler diýdi. Bu kanun oktýabrda parlamentiň iki öýi tarapyndan hem tassyk edildi.
XS
SM
MD
LG