Sepleriň elýeterliligi

Doňuz dümewi Ukrainanyň daşyndaky serhetleri berkidýär


Orsýet we Slowakiýa doňuz dümewiniň ýaýramagyndan ätiýaç edip, Ukraina bilen serhetlerini berkitdiler.

Premýer ministr Ýuliýa Timoşenko günbatar Ukrainada dümewden ölenleriň sanynyň 71-e etendigini aýtdy.

Düýn Ukraina öz ýörite toparyny ugradan Bütindünýä Saglyk Guramasy mümkin bolan howpuň garşysyna zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy.

Hökümet Lwow şäherinde kafeleri, kino zallaryny, teatrlary belli bir döwre çenli çäklendirmezden ýapmaga çagyrdy.

Şularalykda Bütindünýä Saglyk Guramasy Ukrainada ýoňdan ýogalan adamlaryň diňe biriniň doňuz dümewinden ölendiginiň tassyk bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG