Sepleriň elýeterliligi

Merkel Birleşen Ştatlaryň kongresinde söz sözledi


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Birleşen Ştatlaryň kongresinde söz sözledi.

Merkel amerikanlara 20 ýyl öň Berlin diwarynyň ýykylmagynda beren goldawlary üçin sagbolsun aýtdy. Ol Germaniýanyň bu kömegi hiç wagt unutmajagyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Merkel Germaniýanyň Birleşen Ştatlaryň güýçli hem ygtybarly ýarany bolup galjagyny nygtady. Şeýle-de ol Eýrana ýadro ýaragyny edinmäge ýol berilmeli däldigini, Germaniýanyň Owgansytanda howpsuzlygy berkitmek işine wepalydygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG