Sepleriň elýeterliligi

“Hazaryň statusy syýasy mesele”


Bakuwda ýerleşýän “Nebiti öwreniş merkeziniň” ýolbaşçysy Ilham Şaban.

Bakuwda ýerleşýän “Nebiti öwreniş merkeziniň” ýolbaşçysy Ilham Şaban.

Hazaryň kanuny statusy we bu deňizde ýerleşýän baýlyklar Aşgabat bilen Bakuwyň arasynda dowam edýän ylalaşmazlyklaryň esasy sebäplerinden biridir.

Bu problemany çözmek barada bu iki ýurduň hökümet wekilleriniň arasynda yzygiderli gepleşikler geçirilýär, onuň nobatdaky tapgyry 5-6-njy noýabrda Aşgabatda bolar.

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir şol duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyljak temalar, bu iki ýurduň arasyndaky ylalaşmazlyklar we onuň çözgüdi barada düýbi Bakuwda ýerleşýän “Nebiti öwreniş merkeziniň” ýolbaşçysy Ilham Şaban bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Azerbeýjanyň hökümet delegasiýasy Aşgabada barýar, şol duşuşykda näme hakda gürrüň edilmegine garaşyp bolar?

Ilham Şaban: Oktýabr aýynda Hazaryň statusy bilen bagly problemalara garamak boýunça Bakuwda goňşy ýurtlaryň wekilleriniň arasynda duşuşyk bolupdy. Şol ýygnakda bu diskussiýalary noýabr aýynda Türkmenistanda dowam etdirmek barada karar kabul edilipdi.

Hazaryň kanuny durumy bilen bagly bu deňze goňşy ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň arasyndaky iň soňky ýygnak 2007-nji ýylda Tähranda amala aşyrylypdy. Şol sammitde Hazar deňzi bilen bagly gepleşikleriň nobatdaky tapgyrynyň 2008-nji ýylyň sentýabr aýynda Bakuwda geçirilmelidigi barada ylalaşylypdy. Emma şol kararyň kabul edilmeginden bäri iki ýyl töweregi wagt geçdi, ýöne bu ugurda biten iş ýok. Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew 2009-njy ýylyň iýun aýynda Bakuwda bolanda, bu ýygnagyň Azerbeýjanda geçirilmegini goldapdy.

Meniň pikirimçe iş toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän bu ýygnaklar arkaly Hazara goňşy ýurtlar Bakuwda geçiriljek döwlet baştutanlary derejesindäki şol sammitde gol goýuljak benýanaty işläp düzmäge synanyşýarlar.

Azatlyk Radiosy: Hazaryň kanuny durumy bilen bagly ençeme ýyldan bäri duşuşyklar geçirilýär. Bu problemanyň çözgüdine golaýlaşylýarmy, ýogsa-da ýagdaý barha kynlaşýarmy?

Ilham Şaban: Hazaryň kanuny statusy bilen bagly problemalar – kanuny däl-de, eýse syýasy bir meseledir. Syýasy mesele bolanlygy üçin munuň çözgüdi-de syýasy bähbitlere görä kesgitlener. Meselem, Azerbeýjan bilen Gazagystan, Azerbeýjan bilen Orsýet, Orsýet bilen Gazagystan ykdysady bähbitlerini göz öňünde tutup, öz aralarynda ylalaşyga geldiler.

Emma häzirki döwürde Azerbeýjan bilen Eýranyň, Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň we Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda henize çenli şeýle ylalaşyga gelinmedi. Syýasy bähbitler ady agzalýan ýurtlara şeýle ädimi ätmäge ýol bermän gelýär. Şonuň üçin bu meseläniň haçan we nähili şertlerde çözüljekdigini aýtmak gaty kyn.

Azatlyk Radiosy: Hazaryň kanuny durumy bilen bagly meseläniň haçan çözüljeginiň anyk däldigini aýtdyňyz, şu mesele bilen bagly käbir azeri synçylary tarapyndan öňe sürülýän pikirler ýadyma düşdi. Olar eger Türkmenistan bilen Azerbeýjan öz aralarynda ylalaşsalar, türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak meselesinde hiç hili problema bolmaz diýýärler, siz bu barada näme pikirde?

Ilham Şaban: Kanuny taýdan bu mümkin däl. Sebäbi 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda Tähranda geçirilen ýygnakda bir dokumente gol goýlupdy. Şonda goňşy ähli ýurtlaryň razyçylygy alynmazdan, Hazarda hiç hili gaz geçirijiniň gurlup bilinmejegi aýdylýar. Şunlukda Azerbeýjan bilen Türkmenistan özara ylalaşan ýagdaýynda-da, şeýle bir proýektiň amala aşyryljagyna men ynanmaýaryn. Sebäbi şol dokumentde ähli döwlet baştutanlary gol goýdular.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda täze hökümetiň häkimiýet başyna geçmeginden soň Aşgabat bilen Bakuwyň aragatnaşygy gowylaşan ýaly bolupdy. Emma näme sebäpdendir bu aragatnaşyk ýakynda ýene erbetleşdi, meselem, Türkmenistan sizi halkara suda berjekdigini yglan etdi, munuň sebäbi näme?

Ilham Şaban: Iki ýurduň halkynyň arasynda-da, hökümetleriň arasynda-da üýtgän zat ýok, haçanda türkmen ýolbaşçylary Baku bilen bagly meseläni Halkara suduna tabşyrjakdygyny yglan edende, Azerbeýjanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri özleriniň gaty geň galandyklaryny ýazdylar. Sebäbi şol döwürde Azerbeýjanda hiç kim Türkmenistanyň beýle bir herekete baş goşjagyna asla garaşmaýardy. Elbetde, bu iki ýurduň arasynda käbir problemalaryň bardygy hemmä mälim. Munuň bu gün bolmasa, ertir çözüljekdigi pikir edilýärdi.

Mundan başga-da, 2-nji oktýabrda türki döwletleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Bakuwda geçirilen ýygnaga-da jenap Berdimuhamedow gatnaşmady. Munuň yz ýany bilen Türkmenistan Azerbeýjan bilen bagly meseläni Halkara suduna berjekdigini yglan etdi. Bu hereket türkmen tarapynyň Azerbeýjandan garaşýan umydynyň puja çykanlygyny aňladýar.

Şonuň bilen bir wagtda Azerbeýjan hem Türkmenistan bilen bagly meselelerde o diýen aktiw iş alyp barmady. Eger Halaf Halafow Türkmenistana barýan bolsa, bu sapar bu iki ýurduň arasynda dowam edýän düşünişmezlikleriň azalmagyna ýardam eder. Emma bu diňe biziň çaklamalarymyzdyr, sebäbi bu duşuşyk barada ne Azerbeýjan, ne Türkmenistan we ne-de köpçülikleýn habar beriş serişdeleri tarapyndan doly maglumat berilýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň sizden edýän talaby näme?

Ilham Şaban: Türkmenistan Azerbeýjan tarapyndan “Kepaz” we türkmenler tarapyndan “Serdar” diýlip atlandyrylýan gaz ýataklarynyň kanuny taýdan Aşgabada berilmegini isleýär. İkinjisi-de, Aşgabat Azerbeýjanyň “Çerag” nebit ýataklarynyň baýlygyndan diňe özüniň peýdalanmagyna garşy çykyp, bu barada Aşgabada-da öz paýyny bermegini talap edýär. Azerbeýjan şol ýataklar bilen bagly 1994-nji ýyldaky ylalaşyga görä, 1997-nji ýyldan bäri ol ýerden nebit alýar.

Azatlyk Radiosy: Azerbeýjan kim bilen bu ylalaşyga gol goýupdy?

Ilham Şaban: Bu ýataklar barada 1994-nji ýylda Britiş Petrolium kompaniýasy bilen ylalaşyga gol goýlupdy.

Azatlyk Radiosy: Şol mahal bu mesele barada Türkmenistanyň pikiri soralypmydy?

Ilham Şaban: Gyzykly bir zat, şol mahal Türkmenistan bu mesele barada hiç hili reaksiýa bildirmändi. Türkmenistan bu ýataklar we onuň eýeçiligi bilen bagly meseleleri 1998-nji we 99-njy ýyllarda gozgap başlady.

Azatlyk Radiosy: Şol nebit ýataklarynyň Azerbeýjana degişlidigi barada siziň eliňizde haýsydr bir anyk subut barmy?

Ilham Şaban: Azerbeýjan şol ýataklaryň özüniňkidigini islendik sudda dokumentler bilen subut etmäge taýýardygyny aýdýar. Şeýle-de Baku “Kepaz” ýatagynyň hem jedelli ýatakdygyny, ýagny munuň iki ýurduň serhedinde ýerleşýändigini aýdýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan hem bu ýataklaryň özüne degişlidigini aýdýar. Netije-de arada ençeme ýyldan bäri dowam edip gelýän bir jedel bar, muny nähili çözüp bolar?

Ilham Şaban: Gaty kyn bir mesele, 10 ýyldan bäri Türkmenistan öz pozisiýasynda dur we Azerbeýjan hem şol ýatakdan nebit çykaryp satmagyny dowam etdirýär. Türkmenistan näme etjegini bilenok. Türkmenistanyň gelip, Azerbeýjana hüjüm eder ýaly harby güýji hem ýok.

Türkmenistanyň prezidenti hem Azerbeýjan bilen aragatnaşyklarynyň kadaly bolmagyny isleýänligini aýdýar. Şeýle-de azeriler bilen türkmenleriň ikisi-de oguzlaryň nesilleri. Emma deňiziň ortasyndaky bir problema biziň biri-birimiz bilen ýakyn aragatnaşyk gurmagymyza päsgelçilik döredip gelýär.

Häzirki döwürde Azerbeýjan bilen Gazagystanyň arasynda wize režimi ýok, özara gatnaşyklar gowy, ykdysady gatnaşyklarymyz hem barha artýar. Emma Hazaryň beýleki tarapynda ýerleşýän başga bir goňşymyz bilen şeýle aragatnaşygymyz ýok. Bu gowy zat däl. Sowet döwründe biz biri-birimize has ýakyndyk.

Azatlyk Radiosy: Bu düşünişmezlikleri nähili aradan aýryp bolar?

Ilham Şaban: Meniň pikirmçe, bu ähli meseleleri iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň bilelikde oturyp, gaýtadan gözden geçirmegi arkaly çözüp bolar. Munuň başga çözgüdi ýok.

Siziň-de bilşiňiz ýaly, Türkmenistanda ähli ygtýarlyklar prezidentiň öz elinde, ýagdaý Azerbeýjanda-da şundan tapawutly däl. Eger prezidentler biri-biri bilen dil tapyşsa, bu problemalary çözmek mümkin.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG