Sepleriň elýeterliligi

Eýranda oppozisiýa bilen howpsuzlyk güýçleri çaknyşdy


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Tährandaky öňki ilçihanasyna çozulmagynyň 30 ýyllygy bilen bagly köçelere çykan Eýranyň oppozision lideri Mirhosain Mosawiniň tarapdarlary bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyk boldy.

Polisiýa güýçleri protestçilere garşy göz ýaşardyjy gaz atypdyrlar.

Mälim bolşuna görä, oppozision liderleri öz tarapdarlaryny prezident Mahmud Ahmedinejada garşy geçirilýän protestlere gatnaşmaga çagyrypdy. Olar iýunda geçirilen saýlawlaryň galplaşdyrylanlygyny aýdýarlar. Şol saýlawlarda Ahmedinejadyň ýeňiji bolanlygy yglan edilipdi.
XS
SM
MD
LG