Sepleriň elýeterliligi

Orsýet milli agzybirlik günini belleýär


Orsýetde şu gün milli agzybirlik güni baýram edilip bellenilýär. Bu dabara mynasybetli dürli çäreler, şol sanda Kremliň tarapyny tutýan ýaşlar guramasy bilen bir hatarda aşa sagçy toparlar ýöriş geçirýärler.

Mälim bolşuna görä, bu baýramçylyk 2005-nji ýyldan bäri dynç alyş güni hökmünde bellenilýär. Bu baýramçylyk Orsýetiň şol wagtky prezidenti Wladimir Putin tarapyndan yglan edilipdi.

Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew bu baýramçylyk bilen bagly eden çykyşynda, şu güniň Orsýetde hakykatdan hem halk arasynda agzybirlik duýgusyny döredýänligini aýtdy.

Kremliň tarapyny tutýan ýaşlar guramasy “Naşi” bu baýramçylyk mynasybetli Moskwanyň merkezi meýdanynda geçirilýän demonstrasiýa 20 müň töweregi tarapdaryny jemlejekdigini aýtdy.

Moskwa immigrantlara garşy çykýş edýän aşa sagçy herekete-de paytagtyň günortasynda demonistrasiýa gurnamaga rugsat berdi.
XS
SM
MD
LG