Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda H1N1 wirusy ýokuşan zenan heläk boldy


Belarusda H1N1 atly dümew ýokuşan bir zenan ýogaldy. Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň maglumatyna görä, bu dümew bilen bagly ýurtda bolan ilkinji heläkçilikdir.

Resmileriň aýtmagyna görä, ýakynda Ukrainadan yzyna dolanan 37 ýaşyndaky bu zenana ady agzalýan wirusyň ýokuşanlygy anyklanypdyr.

Ol 26-nji oktýabrda lukmana özüni barladandan soň keselhana ýerleşdirilipdir.

Belarusyň Drahçyn regionynyň ýaşaýjysy bolan bu zenan 30-nji oktýabrda aradan çykypdyr.
XS
SM
MD
LG