Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa General Motors kompaniýasynyň kararyny tankyt etdi


Germaniýanyň ykdysadyýet ministri Rainer Bruelderle Birleşen Ştatlaryň General Motors kompaniýasynyň öz Ýewropa bölegi bolan Opeli satmazlyk barada kabul eden kararynyň asla kabul ederlikli däldigini aýdyp tankyt etdi.

“General Motors kompaniýasynyň Germaniýa garşy özüni alyp barşy asla kabul ederlikli däl. Bu bolan waka diňe General Motorsyň özi jogapkärdir. Diňe düýniň özünde işçiler aýlyk haklarynyň azaldylmagy baradaky karary kabul etmäge taýýardyklaryny aýdyp başladylar. Indi bu mesele bilen çemeleşmek işi General Motorsyň borjudyr”- diýip Germaniýanyň ykdysadyýet ministri aýtdy.

Rainer Bruelderle, 1.5 miliard ýewroluk serişdäni tapmaga taýýardygyny we Germaniýanyň hökümetiniň Opele kanadaly kompaniýa satylýança öz operasiýalaryny dowam etdirmäge ýardam berjekdigini aýtdy.

General Motors öz Ýewropadaky bölegi bolan Opeli Kanadanyň Magna atly kompaniýasy bilen onuň orsýetli şärigi Sberbanka satmaga razylyk bildiripdi.
XS
SM
MD
LG