Sepleriň elýeterliligi

Doňuz dümewi baradaky hakykatlar


Owganystanda hem ilat köpçüliginiň saglygyny goramak üçin gyssagly çäreleriň görülýändigi yglan edildi.

Owganystanda hem ilat köpçüliginiň saglygyny goramak üçin gyssagly çäreleriň görülýändigi yglan edildi.

Doňuz dümewiniň ýaýramagy Ukrainadan başlap, Owganystana çenli ilatda howatyrlanma döredýär. Bu gorky hakykatdan hem dümewlän adamlaryň sanynyň artmagy bilen has hem güýjeýär. Emma kesellänleriň haýsynyň adaty dümewe ýolugandygyny, haýsynda bolsa doňuz dümewiniň wirusynyň bardygyny entek doly anyklamak mümkin däl.

Doňuz dümewiniň ýüze çykandygy baradaky habarlar häkimiýetleriň bu kesele garşy gyssagly çäre görmäge synanyşmagy Ukrainanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň ýaşaýjylarynda howatyrlanma döredýär.

Ýöne welin, dümewlän adamlaryň haýsynda adaty dümew bardygy, kimlere doňuz dümewiniň H1N1 wirusynyň ýokuşandygy henize çenli anyk däl. Sebäbi dümewiň iki görnüşiniň-de alamatlary meňzeş, medisina işgärlerinda bolsa, doňuz dümewini anyklamak meselesinde tejribe az.

Ukrainada dümewlänler ýokarlandy

Ukrainada epidemiýa bilen bagly aladalanmalara dümewlän adamlaryň sanynyň ur-tut ýokarlanmagy sebäp boldy. Metbugatda berilýän maglumatlara görä, şu çaka çenli bu keselden 70-e golaý adam heläk bolupdyr. Dümewiň iň köp ýaýran ýeri ýurduň günbatarynda ýerleşýän Lwow welaýaty.

Ukrainanyň Saglyk ministrliginiň 2-nji noýabrda beren maglumatyna görä, ýurtda 255 müň adam dümew keseline ýolugypdyr. Olaryň 83 müňüniň çagadygy aýdylýar. Ilaty howsala düşmezlige çagyran Ukrain häkimiýetleri hepdäniň birinji gününden başlap 3 hepdelik hemme mektepleri ýapdy, ilata ýygnanyşmagy gadagan etdi.

Hepdäniň duşenbe güni Bütindünýä saglyk guramasy Ukrainada doňuz dümewiniň epidemiýasynyň başlanandygy barada maglumatlarynyň ýokdugyny aýdyp, şol bir wagtda-da ukrain hökümetiniň haýyşy boýunça ýurtda medisina işgärleriniň bir toparyny iberendigini maglumat berdi.

Radiomyzyň Ukrain gullugynyň ýolbaşçysy Irena Halupa şu gün Kiýewden beren maglumatynda döňüz dümewiniň näderejede ýaýrandygyny anyklamagyň gaty kyndygyny aýdýar. “Bu gaty düşnüksiz ýagdaý, onuň anygyna ýetmek hem örän kyn. Ukrainada adamlaryň haýsy keselden heläk bolandygyny anyklamak üçin keseli anyklaýjy enjamlar ýok”.

Halupanyň aýtmagyna görä, şonuň üçin olar analizleri Bütindünýä saglyk guramasyna ibermeli bolýarlar. “Geçen hepde bir adamyň doňuz dümewinden heläk bolandygy anyklandy. Häzir bolsa 11 adamyň bu keselden ölendigi barada gürrüň edilýär.”

Şeýle-de hanym Halupa her ýyl Ukrainada adaty dümewiň möwç alýan döwrüniň bolýandygyny belläp, dümewiň ýaýramagyna garşy hem ýylda çäreleriň görülýandigini nygtady.

Şu ýyl bolsa doňuz dümewinden emele gelip biljek gyrgynçylyk baradaky howatyrlanmalara ýurduň saglygy saklaýyş pudagynyň şeýle epidemiýalara garşy taýýar däldigi baradaky aladalar goşulyp, howsala döretdi.

Öňki Sowet giňişligindäki beýleki döwletler


Häzir şeýle howatyrlanmalar diňe Ukrainada däl, eýse öňki Sowet giňişligine giren beýleki döwletlerde hem köp. Mysal üçin, Orsýetiň Habarowsk regionynda teatra, kino baran adamlara maska geýip gelmek tabşyryldy. Bu görkezmäni satyjylar hem jemgyýetçilik transportynyň işgärleri hem ýerine ýetirmeli edildi diýip, radiomyzyň Rus gullugy habar berdi.

Şeýle düzgün Baýkal regionynda hem girizilipdir. Ony bozanlara bolsa bu ýerde 17 amerikan dollaryna barabar 500 rubl jerime salynýar.

Türkmenistanda häkimiýetler bu kesel barada hiç bir maglumat bermeýär. Emma ýerli synçylar, medisina işgärleri adaty hem doňuz dümewinden heläk bolýanlaryň bardygyny maglumat berýärler. Resmileriň dymmagy bolsa ilatyň has köp howsala düşmegine getirýär.

Balkan döwletlerinde käbir ýurtlar doňuz dümewiniň bardygyny aýtsalar, beýleki ýurtlaryň resmileri bu kesel barada düýpden maglumat bermeýärler. Mysal üçin, Serbiýa 169 adamyň kesele ýolugandygyny, olardan ikisiniň heläk bolandygyny maglumat berdi. Kesellänleriň 35-siniň mekdep okuwçylarydygy aýdyldy. Şol sebäpli serb mekdeplerinde güýzki dynç alyş günleri ýene bir hepde uzaldyldy.

Goňşy Çernogoriýanyň resmileri öz ýurtlarynda doňuz dümewiniň ýokdugyny habar berdiler. Ýurduň oppozisiýasy bolsa resmileriň bu aýdanlarynyň näderejede hakykata laýyk gelýändigini anyklamak üçin bu mesele barada parlamentde diskussiýanyň açylmagyny soradylar. Bosniýada bu kesele iki-üç adamynyň ýolugandygy habar berildi.

Eýran we Owganystan

Eýranyň saglygy saklaýyş pudagynyň resmileri bolsa, ýagdaýyň has ýaramazlaşýandygyny aýdyp, keseliň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen goşmaça çäreleriň görülmelidigini duýdurdylar.

Eýran Mejlisiniň saglyk boýunça komitetiniň metbugat sekretary Mohammadreza Rezaei Kuchä salgylanyp, “Mehr” habar gullugynyň beren maglumatyna görä, ýurtda üç müňe golaý adamda doňuz dümewi anyklanypdyr. Olardan 28-niň heläk bolandygy hem aýdylýar. Dümewiň ýaýramagynyň öňüni almak üçin diňe Tähranyň özünde 70 mekdebiň ýapylandygy habar berilýär.

Owganystanda hem ilat köpçüliginiň saglygyny goramak üçin gyssagly çäreleriň görülýändigi yglan edildi. Şol çäreleriň çäginde hemme okuw edaralary üç hepdelik ýapyldy.

Owganystanyň Saglyk ministri Said Mohammad Amin Fatami çykyş edip, ýurtda doňuz dümewiniň 700 adamda tassyklanandygyny, olardan 273-niň daşary ýurt esgerleridigini habar berdi. Ministr bu keseliň häzirlikçe sekiz owganlynyň ölümine sebäb bolandygyny aýdyp, ýurtda keseli anyklaýan laboratoriýanyň bardygyny sözüne goşdy.

“Bizde Kabulda H1N1 wirusyny anyklaýan soňky tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan laboratoriýalar bar. Şol enjamlar bilen bizi üpjün eden ABŞ-nyň hökümetine köp sag bolsun aýdýarys” diýip, Owganystanyň Saglyk ministri Said Mohammad Amin Fatami öz çykyşynda belledi.

Owganystanyň Saglyk ministrligi bu kesel iýul aýynda ýüze çykanyndan soň, dessine ilata habar berip, kesel hakda giňişleýin maglumatlary köpçülige ýetirip başlady. Ýurduň telewideniýesinde, radiosynda berilýän reklamalarda günde elleriňi birnäçe gezek sabynlap ýuwmagyň keseliň öňüni almak üçin iň ýonekeý hem netijeli usuldygyna adamlaryň ünsi çekilýär.
XS
SM
MD
LG