Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä mediasy häkimiýeti alada goýdy


Türkmenistanda doňuz dümewi bilen bagly başagaýlygyň daşary ýurt mediasyna syzyp çykmagy türkmen häkimiýetlerini gaty başagaý etdi.

Mälim bolşy ýaly, on gün bäri paýtagt Aşgabatda doňuz dümewi bilen bagly başagaýlyk ýüze çykypdy.

Hut Kabinet Ministrliginiň görkezmesi bilen medisina işgärlerine diňe gorag maskasynda gezmeklik tabşyryldy. Mekdeplerde hem okuwçylar goranyş maskalaryny geýip gelmäge başladylar. Şähere çykanyňda, hususan-da, jygyllyk bazarynda soňky on günüň içinde ýüzüne goranyş maskasyny geýip çykýan adamlara köp duş gelnip ugraldy.

Daşary ýurt mediasynda asuda Türkmenistanyň paýtagtynda ýüze çykýan bu wakalaryň beýan edilip başlanmagy ýurduň ýolbaşçylaryny juda alada goýdy. Olar dessine bu ýagdaýdan özleriçe baş alyp çykmaga başladylar.

Bilim ministrliginiň görkezmesi bilen mekdeplere goranyş maskaly gelmeklik okuwçylara gadagan edildi. Mugallymlara ýurtda hiç hili doňuz dümewiniň ýoklugy barada okuwçylaryň arasynda düşündiriş işlerini geçmeklik tabşyryldy.

Guş dümewine garşy göreşmek barada plakatlary bolsa köpçülik ýerlerinde asmaklyk, şeýle hem ilata paýlap bermeklik işleri togtadyldy. Bu plakatlaryň jemi 40 tonna golaýy neşir edilip, olar ýurduň ähli welaýatlaryna ugradylypdy. Paýtagt Aşgabatda bolsa olar geçen hepdäniň dowamynda köpçülik ýerlerinde asylyp, ilata paýlanylyp berlipdi.

Häzirki wagtda welaýatlara gelip gowşan bu plakatlar ilat arasynda ýaýradylmaly ýa ýaýradylmaly däl diýlen soraga jogap bolup bilmän, saklanylyp dur.
XS
SM
MD
LG