Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenler bu ýyl hajy bolmazlar


Ýurduň hökümediniň gelen kararyna laýyklykda bu ýyl Türkmenistandan hiç bir raýat haj zyýaratyna goýberilmez.

Munuň esasy sebäbini dünýäde guş keseliniň hem-de doňuz dümewiniň giňden ýaýramagy bilen düşündirýärler. Hökümet adamlary haj zyýaratyna gidenleriň bu keseller bilen keselläp gelmeginden howatyrlanýar.

Türkmenistan garaşsyzlygyny alan gününden bäri her ýyl 200-e golaý türkmen raýatlary Gurban aýynda haj zyýaratyna gidip, hajy bolup gelerdiler. Özi hem bu zyýarat döwletiň hasabyna mugt amala aşyrylýardy. Soňky üç-dört ýylyň dowamynda bolsa, döwletiň hasabyna haj zyýaratyna gidýän raýatlardan daşary, şahsy pula hem haj zyýaratyna gidilip başlandy.

Bu ýyl bolsa döwletiň hasabyna hem, şahsy hasabyňa hem haj zyýaratyna Türkmenistandan hiç kim goýberilmez. Munuň ýerine Türkmenistanyň prezidenti Gurban baýramynyň başlanýan gününde ýurdumyzda ýerleşýän keramatly ýerlere, ýagny 360 öwlüýä, Ak işanyň guburyna aýlanmagy teklip etdi.

Gurban baýramynyň başlanýan güni bolan 28-nji noýabrda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän Arçman şypahanasynyň durky täzelenen binalary açylar.

Ýurduň prezidenti keramatly ýerlere aýlanylansoň, ýurduň raýatlary bilen Arçman şypahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, şu ýerde hem Gurbanlyk etjekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG