Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Manadyň täze görnüşleri dolanyşyga giriziler


1 we 2 manatlyk hümmeti bolan täze teňňeler.
1 we 2 manatlyk hümmeti bolan täze teňňeler.

Türkmenistanyň merkezi bankynyň metbugat arkaly ýaýradan habaryna görä, 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan 1 we 2 manatlyk hümmeti bolan teňňeler dolanyşyga giriziler.

Iň ýokary tehnologiýalar esasynda ýerine ýetirilen bu teňňeler latunyň, nikeliň we misiň ergininden ybaratdyr. Olar Beýik Britaniýanyň Korollyk zikgehanasynda taýýarlanylypdyr.

1 we 2 manatlyk hümmeti bolan täze teňňeleriň dolanyşyga giriziljekdigi baradaky habar ilat arasynda gowy garşylandy.

2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan manadyň denominirlenmegi bilen, dolanyşykda täze manat bilen deň hümmetde aýlanýan köne pullar dört-bäş aýyň dowamynda ýiteňkirledi. Bu bolsa 16 ýylyň dowamynda köne manadyň hümmeti boýunça pikirlenýän ilatyň psihologiýasynda garyşyklyk döredip başlady.

Häzirki wagtda köne manat dolanyşykda asla ýok diýen ýaly. Ýöne şonda-da halk täze manatlary köne manadyň hümmeti boýunça bahalandyrýar. Ýagny 1 manady 5 müň manat, 5 manady 25 müň manat, 10 manady 50 müň manat, 20 manady 100 müň manat... diýip atlandyrýar. Harydyň bahasy täze manatda goýlan bolsa, ony derrew aňynda 5000 essä göterip, köne pul boýunça gymmatyny kesgitleýär.

Taksi nyrhlary

Köne manatlaryň dolanyşykdan ýitip ugramagy taksi münmegi gowy görýän raýatlar üçin has-da oňaýsyz boldy. Beýleki döwletlere garanyňda Türkmenistanda taksiniň nyrhy juda arzan bolmagynda galýar. Şonuň üçinem şäherlileriň köpüsi taksiniň hyzmatyndan peýdalanýarlar.

Şäherde taksi hyzmatynyň ortaça bahasy köne pulda 10 müň manat, täze pulda bolsa 2 manat. Täze manadyň 1 manatdan soň diňe 5 manady bolmagy bolsa häli-häzire çenli köne puluň nyrhy bilen pikirlenýän ilatyň psihologiýasy üçin gaty çylşyrymly boldy. Sebäbi 5 manady bölmek üçin bäş sany 1 manatlyk zerur. 5 manady bölmek meselesi bolsa taksilerde-de, dükanlarda-da juda kynçylyklary döredýärdi. 5 manada 5 sany 1 manatlyk aňsat-aňsat tapdyranokdy. Bu bolsa müşderi bilen hyzmaty ýerine ýetirijiniň arasynda elmydama kynçylygyň ýüze çykmagyna getirýärdi.

Täze dolanyşyga giriziljek 2 manatlyk halkyň 16 ýyl bäri psiholigiýasynda saklanan köne 10 müň manatlygyň ýerini tutar. Ýöne, sada raýatlaryň bellemegine görä, bu manadyň ýeke-täk kemçiligi, onuň kagyz görnüşinde däl-de, teňňe görnüşinde boljaklygydyr. Teňňe görnüşindäki pullaryň ilat arasyndaky halanylmazlygy, olaryň köplenç jübüden gaçyp galmagynyň ýa-da ýitmeginiň netijesidir.
XS
SM
MD
LG