Sepleriň elýeterliligi

Eýran polisi protestçileri urup-ýençdi


Eýranyň howpsuzlyk güýçleri düýn Tähranda hökümete garşy protestçileri rezin taýaklar we göz ýaşardajy gaz bilen garşy aldy.

Hökümete garşy protestler Tährandaky amerikan ilçihanasynyň basylyp alnan gününiň 30 ýyllygy mynysybetli geçirilýän resmi çärä gabat geldi.

Hökümet tarapdarlarynyň müňlerçesi Birleşen Ştatlaryň 1979-njy ýylda yslamçy studentler tarapyndan zabt edilen öňki ilçihanasynyň jaýynyň daşyna ýygnandylar. Şonda bu ýerde 52 amerikaly zamun alnyp, 444 gün esirlikde saklanypdy.
XS
SM
MD
LG