Sepleriň elýeterliligi

Italiýan sudýasy öňki agentlere höküm çykarýar


Bir italiýan sudýasy düýn Merkezi aňtaw gullugynyň öňki agentleriniň 22-sine we ýene bir amerikala 2003-nji ýylda bir musulman ruhanysyny alyp gaçanlyklary üçin 8 ýyla çenli türme tussaglygyny berdi.

Bulardan başga italiýaly iki sany gizlin gulluk agentine-de üç ýyl türme tussaglygy berildi.

Bu Merkezi aňtaw gullugynyň güman edilýän adamlardan sorag etmek üçin ulanylýan adatdan daşary geçiriş programmasy bilen bagly ilkinji suddur. Amerikaly güman edilýänler gaýybana sud edildi we gaçgak hasaplandy.

Ýyl kesilen agentler 2003-nji ýylyň fewralynda ruhany Osama Mustafa Hassan Nasry alyp gaçmakda günäli tapyldy. Ol Milandan alnyp gaçylyp, soňra Birleşen Ştatlaryň Italiýadaky we Germaniýadaky bazalaryna geçirilipdir.
XS
SM
MD
LG