Sepleriň elýeterliligi

Birleşen Ştatlar Kerzeýi korrupsionerleri tutmaga çagyrýar


Birleşen Ştatlar owgan prezidenti Hamit Kerzeýiň korrumpirlenen hökümet resmilerini tutmagyny hem jogapkärçilige çekmegini isleýär.

Bilelikdäki komanda ştabynyň baştutany, admiral Maýk Mallen Birleşen Ştatlar Owganystandaky korrupsiýanyň häzirki derejesinden gaty alada galýar diýdi.

Mallen Kerzeýiň korrumpirlenen adamlardan dynmagy we olary jogapkärçilige çekmegi gerek diýdi. «Eger şeýdilmese, dünýäniň ähli goşuny hem bu ýurda üýtgeşiklik getirip bilmez» diýip, admiral aýtdy.
XS
SM
MD
LG