Sepleriň elýeterliligi

Dünýäniň ilatynyň 16 prosenti emigrasiýa gitmek isleýär


Kämillik ýaşyndaky adamlaryň 700 million çemesi ýa-da dünýäniň ilatynyň 16 prosenti mümkinçilik bolsa öz ýaşaýan ýerinden başga bir ýurda hemişelik göçmek isleýär.

Gallap guramasynyň täze pikir soraşlygynda dünýäniň 135 ýurdunyň ilatyndan olaryň nirä göçmek isleýändikleri soraldy. Pikiri soralanlaryň 80 prosenti ösýän ýurtda ýaşamak isleýändigini aýtdy.

Pikir soraýyş gullugynyň direktorynyň aýtmagyna görä, olaryň köpüsi Birleşen Ştatlarda ýaşamak isleýär. Merkezi Aziýada pikiri soralanlaryň 49 prosenti öňki sowet ýurtlarynyň başga birinde ýaşamak isleýändigini aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG