Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gümrük, korrupsiýa we neşe belasy


Türkmenistanly resmiler neşe maddalarynyň barlagy boýunça ÝHHG tarapyndan geçirilýän türgenleşdiriş programmasyna gatnaşýarlar, 20-nji iýul, 2007-nji ýyl.
Türkmenistanly resmiler neşe maddalarynyň barlagy boýunça ÝHHG tarapyndan geçirilýän türgenleşdiriş programmasyna gatnaşýarlar, 20-nji iýul, 2007-nji ýyl.

Gümrük gullugy bilen bagly ähli problemalaryň toplumy göz öňünde tutulsa, onuň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli prezidentiň ýollan gutlagyna köp zatlar girmändir.

Elbetde, beýleki ýörite gulluklar ýaly gümrük gullugy-da has ýapyk bölümleriň hataryna girýär. Baryp Nyýazow döwründe girizilen berk düzgüne laýyklykda Türkmenistanda eýse haýsy maglumat döwlet syry däl? Bu berk awtoritar sistema mahsus häsiýet.

Höküm sürmegiň, höküm etmegiň iň ýeňil usuldygyny kimdir biri öz wagtynda döwlet ýolbaşçysynyň beýnisine guýandyr. Ýöne iş ýüzünde barysy tersine bolup çykýar.

Asyl dert - korrupsiýa

Jemgyýetiň iň agyr dertleriniň biri – korrupsiýa. Resmi propaganda onuň garşysyna Nyýazowyň gylyç göterip çykandygyny hem korrupsiýany ýeňendigini tassyklaýardy. Korrupsiýa bolsa hut maglumat gadaganlygy sebäpli pajarlap ösdi.

Korrupsiýa gazanynda gaýnanlaryň biri-de gümrük gullugy. Türkmenistanyň gümrük gullugy-da postsowet döwletleriniň gümrüginden tapawutlanmaýar. Şol gulluk örän çörekli, düşewüntli ýer hasap edilýär. Şonuň üçinem aşakdan ýokary kadrlar häli-şindi çalşyrylyp durulýar. Sebäbi kanuny hem bikanun harytlaryň ählisi olaryň elinden geçýär. Bu bolsa uly pul bilen bagly.

Köp puluň bir bölegi gümrükçileriň jübüsine girýär. Ondaky ülüşi durmuşyň özi kesgitleýär. Bu bulaşyk hasap, elbetde, uly töwekgeçilik bilen-de bagly. Gümrükçiniň wezipesi näçe ýokary bolsa, alýan parasam şoňa görä bolýar. Düşewüntli ýeriň işgärleriniň köpüsi işini gözenegiň aňyrsynda tamamlaýar.

Türkmen gümrüginiň 18 ýylynda köp wakalar bolup geçdi. Şol wakalary jemgyýete görkezmesi onçakly ýakymly bolmadyk taryh sahypalary bilen bir hatarda goýup bolardy.

Neşe belasy

Türkmen gümrüginiň, türkmen hakykatynyň iň gussaly bir meýdany – neşe ýaýradylmagy bilen bagly. Ýöne beýleki hadysalar bilen bir hatarda neşe belasy-da ýurtda iň ýapyk ugurlaryň biri.

Munuň Nyýazow döwründe näme üçin şeýle bolandygy häzir azda-kände düşnükli. Ol halkyň däp-dessury bilen baglanyşdyryp, neşäni ulanmagy aklamaga-da synanyşypdy. Tirýek arkaly öz süýji keselini bejerýärmiş diýen gürrüňler il içinde bardy.

Döwletiň çür başynda oturanyň neşe bilen gyzyklanýandygyny bilnensoň, türkmen gümrüginde nämeleriň bolup geçendigini göz önüne getirip görüň. Belki, daşary ýurtdan del harydyň hiç hili päsgelçiliksiz, göni prezidentiň howlusyna gelip girmegi üçin ýörite koridor döredilendir?

Owganystandan Türkmenistana gelýän neşäniň möçberini diňe gytaklaýyn maglumatlar arkaly hasaplamak mümkin. Bu barasynda açyk döwlet statistikasy ýok.

BMG-niň neşä kontrollyk boýunça Merkezi Aziýa edarasynyň işgäri Jeýms Kallahan Owganystanda öndürilen tirýekdir geroiniň 15% -niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň üsti bilen Orsýete we ondanam Ýewropa daşalýandygyny şu ýyl aýtdy. Şeýle ägirt uly möçberdäki neşe türkmen gümrüginden aýlanyp geçýärmi?

Bu maglumatlary Nyýazowyň režiminiň üstüne atmak mümkin däl. Ol indi şu günki häkimiýetiň ýüki. Eger geljekde-de türkmen gulluklarynyň işi häzirkisi ýaly syr dumany bilen örtülip, berk ýapyklygyna saklansa, geljekki 18 ýyllykda türkmen gümrüginde nähili görkezijiler peýda bolar?

Ol Berdimuhamedowyň gutlag hatyndaky:”Gümrük organlarynyň işi Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligine üstünlikli integrasiýasy üçin uly ähmiýete eýe” diýen sözlerine bap gelermi?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG