Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda Hazaryň statusyna seredilýär


Hazar deňzindäki üç nebitli ýatagyň kime degişlidigi bilen bagly Azerbeýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky jedeller iki ýurduň gatnaşyklarynyň ýitileşmegine getirdi.

Hazar deňzindäki üç nebitli ýatagyň kime degişlidigi bilen bagly Azerbeýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky jedeller iki ýurduň gatnaşyklarynyň ýitileşmegine getirdi.

Hazar deňziniň hukuk durumyny – statusyny kesgitlemek boýunça 4-nji noýabrda Aşgabatda bäş hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesindäki işçi toparyň 26-njy maslahaty öz işine başlady.

Maslahata Azerbeýjandan, Gazagystandan, Eýrandan we Orsýetden wekilçilikli delegasiýalar geldiler – diýip, “Türkmenistan: altyn asyr” internet saýty ýazýar.

Şol maslahatdan soň türkmen-azeri gepleşikleriniň başlanmagyna garaşylýar. Iki ýurt arasynda häzir gatnaşyklaryň ýagdaýy nähili, arada çözülmeli neneňsi meseleler bar?

Iki ýurdy baglanyşdyrýan meseleler

Türkmenistan bilen Azerbeýjany köp meseleler baglanyşdyrýar. Ozaly bilen iki ýurt Hazarda goňşy. Şonuň üçin garaşsyzlygyň başky ýyllarynda Türkmenistan Hazaryň üsti bilen öz gazyny Türkiýä hem ondan aňryk Ýewropa ýurtlaryna akdyrmak planyny öňe sürdi. Deňziň asty bilen geçmeli turba geçirijisine “Transhazar” diýlip, at berildi.

Birleşen Ştatlar syýasy hem ykdysady taýdan bu proýekte goldaw berjekdigini, eger ol başa barsa, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň pugtalanmagyna, gaz eksporty meselesinde Orsýete garaşly bolmakdan gutulmagyna ýardam etjekdigini aýdypdy.

Gatnaşyklaryň ýitileşmegi

Ýöne Hazar deňzindäki üç nebitli ýatagyň kime degişlidigi bilen bagly Azerbeýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky jedeller iki ýurduň gatnaşyklarynyň ýitileşmegine getirdi. Türkmenistany dünýäniň baý ýurtlarynyň biri hasap edýän S.Nyýazow pul ýok bahanasy bilen Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçihanasyny ýapypdy.

2003-nji ýylyň awgustynda Türkmenbaşy (öňki Krasnowodsk) şäherinde “Halk Maslahatyny” geçirip, onuň yz ýanyndan Hazaryň türkmen kenarynda uly harby manýowr geçiripdi hem “Hazardan ganyň ysy gelýär” diýipdi.

Nyýazow ölenden soň, iki ýurt arasynda gatnaşyklar başlandy. Türkmen delegasiýasy Bakuwa, azeri delegasiýasy Aşgabada gelip ugrady. Ýöne deňziň ortasyndaky nebit ýataklary baradaky mesele heniz çözülenok.

“Dostlukly däl beýannama”

GDA institutynyň ekperti Andreý Groziniň sözlerine görä, ýakynda Berdimuhamedowyň şol ýataklar meselesini çözmegi halkara Arbitraž suduna bermek barada eden çykyşy Bakuwda “dostlukly däl beýannama” diýen ýaly reaksiýalara, ekspertleriň kommentarileriniň peýda bolmagyna getirdi. “Häzirem şol hörpden gopsalar, öňki ýagdaýyň gaýtalanmagy mümkin. Häzir Bakuw bilen gepleşikleriň dowam edip-etmezligi Berdimuhamedowyň pozisiýasyna bagly” - diýip, Andreý Grozin aýdýar.

Postsowet döwletleri boýunça ekspert A.Narodetskiniň pikiriçe, türkmen-azeri gepleşiklerinde ýene-de öňküleri ýaly nebit ýataklarynyň kime degişlidigi meselesi gozgalsa, her kim ýorgany öz üstüne çekip başlasa, ondan netije çykmaz.
Her iki tarap ýorgany özüne çekjek bolsa, “Nabukko” proýektini janlandyrmak işinden çetde galar.


A.Narodetski taraplar şol ýataklary bilelikde özleşdirmegiň usulyny tapmagy başarmasalar, iki arada dawalaryň ençeme ýyla çekmegi mümkin – diýen pikiri öňe sürýär. “Ýene bir ideýa bar, taraplar birleşip, ýataklaryň kime degişliliginiň dawasyny etmän, şol ýataklaryň peýdasyny paýlaşmaly. Şeýle ýagdaýda olaryň haýsydyr bir ikitaraplaýyn netijä gelmek şansy bar. Her kim ýorgany özüne çekjek bolsa, azeri tarapam, türkmen tarapam örän bähbitli işden – “Nabukko” proýektini janlandyrmak işinden çetde galar. Iki ýurt arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy problemalaryň çözülmegi hem Azerbeýjanyň, hem Türkmenistanyň peýdasyna. Günbatar aradaky konflitktiň tizräk çözülmegi bilen gyzyklanýar” - diýip, ekspert aýtdy.

Onuň sözlerine görä, problema aradan aýrylsa, “Nabukko” proýektine syýasy hem maliýe goldawyny bermäge Birleşen Ştatlar-da, Ýewropa Bileleşigi-de taýýar.

Orsýet we Eýran faktory

Analitkleriň käbiri Hazaryň hukuk durumynyň kesgitlenmezligi, türkmen-azeri gatnaşyklarynyň başa barmazlygy bilen Orsýet hem Eýran gyzyklanýar - diýen pikiri öňe sürýärler. Çünki “Transhazar” turbasy-da, “Nabukko” proýekti-de olaryň peýdasyna däl.

Narodetski Aşgabat gepleşikleri bilen gytaklaýynam bolsa, Eýran bilen Orsýetiň gyzyklanýandygyny aýdýar. Emma GDA institutynyň analitigi Andreý Grozin bu pikir bilen ylalaşmaýar. ”Tähran hem Moskwa bu gepleşikler bilen gyzyklanýandyr öýtmeýärin”.

”Ýöne Eýranyň hem Orsýetiň territoriýasyna girmän, Ýewropa gaz akdyrjak turba proýektleri şol ýurtlara, elbetde, ýaramaýar. Deňziň hukuk durumynyň kesgitlenmezligi näçe köp dowam etdigiçe, bu regiona üçünji ýurtlaryň gyzyklanmasy artýar. Turbalar deňziň durumy kesgitlenmezdenem gurlup bilner, ýöne soň onuň howpsuzlygyny haýsydyr bir ýaragly güýçleriň goramagy mümkin. Eýran bilen Orsýetiň prosesi saklamaga, yza çekmäge synanyşyklary görnüp duran zat, şeýle taktika bar” - diýip, analitik Grozin aýtdy.

Narodetski türkmen-azeri gatnaşyklaryny gowulandyrmagyň, konflikti çözmegiň ozaly bilen Türkmenistanyň hem Azerbeýjanyň öz ellerindedigini nygtady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG