Sepleriň elýeterliligi

BMG Gazadaky uruş jenaýatçylygy hasabaty boýunça diskussiýany dowam etdirdi


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Ysraýyl bilen Hamas toparyny uruş jenaýatçylygynda aýyplaýan raport baradaky diskussiýasyny şu gün hem dowam etdirdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýardam bermeginde taýýarlanan bu raportda şu ýylyň başynda Ysraýylyň Gaza Sektorynda geçiren harby hüjümleri wagtynda Ysraýylyň hem-de Palestinanyň Hamas toparynyň uruş jenaýatçylygyny amala aşyrandyklary öňe sürülýär.

Düýn BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatynda köp ýurtlar BMG-niň bu hasabaty bilen baglanyşykly Ysraýylyň hem-de Palestinanyň ýörite derňewleri geçirmegini talap edýän rezolýusiýanyň kabul edilmeginiň tarapyny tutup çykyş etdiler. Emma Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň wekiller palatasy düýn prezident Barak Obamany BMG-niň bu raportyny goldamazlyga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG