Sepleriň elýeterliligi

TDH: Türkmenistanda doňuz dümewi ýok


Düýn Türkmenistanyň resmi Türkmen Döwlet Habarlar gullugy ýurduň territoriýasynda raýatlaryň doňuz dümewi bilen kesellemegi bilen baglanyşykly ýekeje-de wakanyň hasaba alynmandygyny tassyklap, maglumat ýaýratdy.

Bu baradaky maglumatda bu dümewiň garşysyna göreşmek üçin Tükmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrligi tarapyndan zerur derman önümleriniň we goşmaça diagnostiki enjamlaryň satyň alnandygy habar berilýär.

Emma, bu resmi maglumata garamazdan, ynsan hukuklaryny goraýjy Türkmen Inisiatiwasy topary we Trend habar agentligi ýaly guramalar geçen hepde Türkmenistanda doňuz dümewinden ölen adamlaryň bolandygy barada maglumatlaryň alnandygyny habar berýärler.

Radiomyzyň Türkmenistandaky habarçylary hem ilat arasynda häzirki wagt doňuz dümewi bilen baglanyşykly howsalanyň giň ýaýrandygyny tassykladylar.
XS
SM
MD
LG