Sepleriň elýeterliligi

El-Baradei: “Eýran hormat gazanmak isleýär”


Halkara atom energiýa agentliginiň başlygy Muhammet El-Baradei.

Halkara atom energiýa agentliginiň başlygy Muhammet El-Baradei.

Şu aýyň ahyrynda wezipesinden gidýän Halkara atom energiýa agentliginiň başlygy Muhammet El-Baradei 4-nji noýbrda Birleşen Ştatlaryň daşary gatnaşyklar geňeşinde çykyş edip, Eýranyň ýadro programmasy dogrusynda durup geçdi.

El-Baradei Eýrana hem-de halkara jemgyýetçiligine bu programma bilen bagly öz garaýşyny mälim etdi. Tähranyň ýadro ýaragyny edinmek ugrunda hereket edýändigi hakynda anyk bir deliliň ýokdugyny ol gaýtalady.

“Abraý we hormat gazanmak isleýär”

“Eýran ýadro ýaragyny edinmek ugruny öwrenýär, ýöne ol entek ýaragyň özi däl” diýip, Baradei sözüne goşdy. Ol programma 2003-nji ýylda ýatyrylana meňzeýär: «Düşünmeli örän ähmiýetle meseleleriň biri – Eýranyň näme sebäpden ýadro programmasyny dowam etdirýänligi» diýip, El-Baradei aýtdy.

Eýran beýle etmek bilen özüne abraý we hormat gazanmak isleýär diýip, El-Baradei ýörite durup geçdi: «Eýran bu programmasy bilen regionda bir güýç hökmünde özüni ykrar etdirmäge çalyşýar. Meniň pikirimçe, Eýranyň ýadro programmasy ahyrky netijede bir gural, ýagny bu programma arkaly ol özüniň sebitiň güýji hökmünde ykrar edilmegini isleýär. Ol bu güýç arkaly özüne abraý gazanyp, Birleşen Ştatlar bilen güýçli döwlet hökmünde iş salyşmak isleýär».

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary bolan bäş döwlet: ABŞ, Fransiýa, Britaniýa, Orsýet we Hytaý dürli strategiýa eýediklerine garamazdan, Eýrany urany baýlaşdyrmagy ýatyrmaga çagyryp gelýärler.

Günbataryň ünsüni çekip gelýär

Ýadro programmasyny ösdürip başlaly bäri Eýranyň Günbataryň çynlakaý ünsüni çekip gelýänligi äşgär fakt. “Günbatar bilen Eýranyň arasynda birnäçe ýyllap dowam eden duşmançylykdan soňra häzir deňi-taýy bolmadyk bir pursat döredi” diýip, El-Baradei sözüne goşdy: «Çynlakaý iş alyp barmak hakynda iki tarapda-da hakyky islegiň bardygyny görýärin, ol diňe ýadro meselesinde däl, has giň möçberde iş salyşmak».

«Eger-de Eýran öz islegleriniň Günbatar tarapyndan ykrar edilip, oňa hormat goýulýandygyny duýsa, onda Tähran Ýakyn Gündogaryň durnuklaşmagynda hakyky rol oýnap biler, ýöne eger Eýran özüniň çetleşdirilýändigini ýa-da äsgermezçilik edilýändigini duýsa, ol tersine bolup biler» diýip, Baradei sözüniň üstüni ýetirdi.

Daýanç ýa-da erbetligiň gözbaşy

«Ýakyn Gündogarda, Yrakda, Owganystanda, Siriýada, Liwanda we Palestin topragynda durnuklylygy üpjün etmekde Eýran bir daýanç ýa-da erbetligiň gözbaşy bolup biler. Tehnologiýa, integrasiýa, söwda we şuňa meňzeş nukdaýnazardan Eýran ABŞ-nyň hyzmatdaşlygyna mätäç. Onda bu iki güýç iş salşyp biler» diýip, Baradei aýtdy.

Düwnük keselini barlamak, diagnoz goýmak, umuman, saglyk meseleleri bilen bagly ýadro-barlag merkezine gerekli urany daşardan almagy özüniň Tährana teklip edendigini we munuň gepleşikler üçin örän gowy ýol bolup biljekdigini-de ol mälim etdi.

HAEA-nyň başlygyndan Eýranyň ýadro merkezleriniň bombalanmak ähtimallygy we onuň netijeleri hakynda soralanda, ol munuň bütin Ýakyn Gündogary otly halkanyň içine düşürip biljekdigini öňe sürdi: «Öňem aýdyp gelşim ýaly, siz ylmy-bilimi bombalap bilmersiňiz, ol ýerde ylymam bar, tehnologiýa-da. Eýranyň bombalanmagy gaýta onuň ýadro ýaragyny edinmegini tizleşdirip, onuň tarapdarlarynyň-da sanyny artdyryp biler, her bir Eýranly, şol sanda Los Anjelesde ýaşaýan bir million eýranlylar hem muny goldarlar, sebäbi olaryň režime ýigrenji bilen watana söýgüsiniň arasynda tapawut bar» diýip, El-Baradei nygtady.

El-Baradei şeýle-de bu meseläni çözmäge gezek gelende, oňyn pursatlaryň elden berlendigine gynanýandygyny-de ýörite belläp geçdi.
XS
SM
MD
LG