Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Tanymal deprekçi Rişat Şafi aradan çykdy


Rişat Şafi Moskwadaky Moda hepdeliginide, 24-nji oktýabr, 2009 ý.

Rişat Şafi Moskwadaky Moda hepdeliginide, 24-nji oktýabr, 2009 ý.

Türkmenistanly belli «Güneş» ansamblynyň tanymal deprekçisi Rişat Şafi 57 ýaşynyň içinda aradan çykdy.


Rişat Şafi “Goluboý Ogonýok” aýdym-sazly telegepleşikde, skripkada Gasan Mammedow, 1984-nji ýyl.

Rişat Şafi Moskwada estrada ýyldyzlarynyň futbol boýunça nobatdaky türgenleşik çäresi wagtynda tarpa-taýyn aradan çykdy.

Türkmenistanda doglan Rişat Şafi 1980-nji ýyllarda «Güneş» ansamblynyň düzüminde özüniň deprek çalmakdaky adatdan daşary zehini we başarnygy bilen, uly meşhurlyga eýe bolupdy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ol Moskwada ýaşamak bilen, dünýäniň dürli ýurtlarynda ýüzlerçe konsert programmalary bilen çykyş etdi.

Geljek ýyl Rişat Şafi «Güneş» ansamblynyň 40 ýyllyk ýubileýini Moskwada uly dabara bilen bellemekligi planlaşdyrýardy.

Azatlyk Radiosynyň kollektiwi merhumyň dogan-garyndaşlaryna öz çuňňur gynanjyny bildirýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG