Sepleriň elýeterliligi

Diwaryň ýykylanyna 20 ýyl geçdi emma...


 Berlin diwary ýykylýar, 12-nji oktýabr, 1989-njy ýyl.

Berlin diwary ýykylýar, 12-nji oktýabr, 1989-njy ýyl.

Fritz Roedel Gündogar Germaniýanyň elitasyndan, ol Berliniň abraýly ozalky Wolksbuehne teatrynyň direktorydy we Günbatar Ýewropa döwletlerine yzygiderli sapar edýärdi. 41 ýyllap dowam eden kommunistik döwürde aglaba Gündogar Germaniýalylar şeýle mümkinçiliklerden mahrumdylar.

1989-njy ýylyň 9-njy noýabry agşamy Berlin diwary ýykylanda, Fritz eýýäm uklapdy, ertir oýananda ol täze bir ýurtda – mundan beýläk özüniň gerek bolmadyk bir ýurdundadygyny bilip galýar.

«Olaryň täze bir direktor bellejegini bilenim üçin men 1990-njy ýylda işimden çekildim. Bu wezipä tejribesiz, başga bir gurluşda ýetişen adamynyň bellenjegini gaýgy etdim. Men hiç kimi işden boşatmak islemedim, bu meniň borjumdy, olam soňky borjum» diýip, Fritz aýtdy.

Edil Fritziň howatyr edişi ýaly, onuň aglaba kärdeşleri-de işden çetleşdirildi, bir toparynyň orny bolsa Gündogar Germaniýada iş orunlaryny döreden gübatarlylar bilen çalşyryldy.

Bonn hökümetiniň gaýtadan gurnamak buýrugy esasynda beýle ýagdaý döwlet statusy ýatyrylan GDR-iň beýleki ýerlerinde-de ýüze çykdy. Gündogaryň uniwersitetlerinde professorlaryň takmynan 80% öz iş orunlaryny ýitirdiler.

R. Fritz häzir 70 ýaşynda, ol iki Germaniýa birikdirilenden soňra işsiz galdy, şonda-da ol Gündogar Germaniýada kommunistik düzgüniň gaýdyp gelmegini arzuw edenok. Ol Germaniýanyň birikmek meselesiniň hökmany bolaýmaly wakadygyny aýdýar. R. Fritz Gündogar Germaniýanyň aňsatlyk bilen Günbatar tarapyndan ýuwdulandygyny we onuň medeni mirasynyň taryhyň zibiline taşlanandygyny-da sözüne goşdy.

Ruhy taýdan bölünişik

R. Fritz iki tarapda ýaşaýanlaryň ruhy taýdan-da iki bölünendigi baradaky nemesleriň sözüni gaýtalady. Berlin diwarynyň ýykylmagyndan 20 ýyl geçenem bolsa, henizem ruhy taýdan şol bölünişigiň çuň dowam edýändigini-de R.Fritz sözüne goşdy: «Hatda Berliniň özünde henizem Günbatar bilen Gündogaryň arasyndaky bölünişik diýseň güýçli, adamlaryň ýene bir gezek birleşmekleri üçin onlarça ýyl gerek boljak» diýip, R. Fritz aýtdy.

Öz gezeginde Günbatar Germaniýa Gündogar Germaniýa bilen gaýtadan birleşmek üçin ummasyz çykdajy sarp edýändiginden yzygiderli şikaýat edip gelýär.

R.Fritz bolsa gündogarlylaryň arasynda günbatarly doganlaryny olaryň bähbidi bilen az gyzyklanýar ýa-da olaryň taryhy kynçylyklaryna az duýgudaşlyk edýär diýen düşünjäniň bardygyny öňe sürýär: «Bu ýerde köpler hatda öňküsinden hem beter koloniýa öwrülen bir halkdygyny duýýarlar» diýip, R. Fritz aýtdy.

Aýdymçy Holwas ýatlaýar

Belli aýdymçy Günter Holwas Berlinden uzakda ýaşamaga synanyşyp gelýär. 1979-njy ýylda 300-den gowrak adamynyň gatnaşmagynda Holwas Gündogar Berlinde üstünlik bilen bir konsert bermegi başarypdy. Şonda gizlin gulluklar oňa haýbat atypdylar.

«Olar meni köçeden ýygnap, gizlin polisiýa getirdiler. Eger-de işiňi bes etmeseň, çagalaryňy eliňden alarys diýip haýbat atdylar, men: bolýar, siz ýeňdiňiz diýdim» diýip, bu aýdymçy mälim etdi.

Şondan iki hepde soňra ol ýeke başyna Günbatar Germaniýa gaçyp atýar, ýöne ol ýerde-de göwni hoş bolmansoň, Kanada aşýar. 1989-njy ýylda CNN telekanalyndan Berlin diwarynyň ýykylyşyny görende, munuň soňunyň gowy bolmajagyny aýdypdyr. Edil aýdyşy ýaly-da, 1990-njy ýylda dogduk diýaryna öwrülip gelende, adamlaryň pul gazanmak ugrunda hars urup ýörendiklerini we Günbatardan dürli firmalaryň we ätiýaçlyk kompaniýalaryň iş alyp barýandygyna şaýat bolupdyr.

Fritz bu barada şeýle diýýär: «Her kim pul gazanjak bolup başyna gaý. Bir mahal puluň uly bir zat däldigini ýatlasym gelýär, açgözlük adamlary üýtgetdi» diýip, aýdymçy Holwas aýdýar. Ol soňra 1993-nji ýylda «Aglaýaryn» diýen aýdymynda iki Germaniýanyň birleşmegi bilen bagly duýgularyny beýan etdi.
XS
SM
MD
LG