Sepleriň elýeterliligi

Tehsasdaky harby bazada bir esger 12 soldaty öldürdi


Birleşen Ştatlaryň günortasyndaky Tehsas ştatynda ýerleşýän harby bazada bir harbynyň gazaply oka tutmagy netijesinde 12 harby gullukçy ölüp, 31-si ýaraly boldy.

Goşun sözçüsi esgerleri oka tutan Nidal Malik Hasanyň özüniň hem ýaralanandygyny aýdýar, ozal onuň öldürilendigi aýdylypdy.

Hasandan başga iki sany esger hem güman edilip tutuldy, ýöne soň goýberildi. Prezident Barak Obama munuň elhenç zorluk hadysasy bolandygyny aýtdy.
Nidal Malik Hasanyň doganoglany Nader Hasan Foks nýuza oňa Yrakda gulluk et diýendiklerini we onuň muňa garşy bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG