Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürji ofiseri Orsýetden gaçybatalga alýar


Rus resmileri maý aýynda Gürjüstandan gaçan harby işgäriň Orsýetden bosgunlyk alandygyny aýdýarlar.

Orsýetiň migrasiýa gullugy leýtenant Alik Býaniýanyň 2008-nji ýylyň awgustynda bolan rus-gürji urşundan soň, prezident Mihail Sakaşwiliniň syýasaty bilen ylalaşmanlygy üçin wezipesinden boşadylandygyny aýdýar.

Uruş tamamlanaly bäri rus soldatlarynyň ikisi garşy tarapa geçip, Gürjüstandan bosgunlyk alan bolsa, bir žurnalist hem gürji telewideniesiniň öňki prodýuseri Orsýetden bosgunlyk alypdy.
XS
SM
MD
LG