Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Frans Pres agentliginiň žurnalistini tutdy


Eýranyň howpsuzlyk güýçleri Frans Pres agentliginiň žurnalistini tussag etdiler.

Frans Pres agentligi žurnalist Farhat Poladiniň 3-nji gün Tähranda bolýan protest barada habar taýýarlamak üçin barýarka tutulyp, tussaghana äkidilendigini aýdýar.

Onuň häzir nirede saklanýandygy belli däl. Eýranyň oppozisiýa tarapdarlary 3-nji gün döwletiň rugsat bermeginde Birleşen Ştatlara garşy geçirilýän protestiň gapdaly bilen proteste çykypdylar.

Häkimiýetler oppozisiýanyň protestlerini taýak hem göz ýaşardyjy gaz bilen dargytdylar.
XS
SM
MD
LG