Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Baş assambleýasy Gaza uruş aýyplamalaryny derňemäge ses berýär


BMG-niň Baş assambleýasy Ysraýyly hem Palestinany Gaza konfliktinde edildi diýilýän uruş jenaýatlaryny derňemäge çagyrýan rezolýusiýa kabul etdi.

BMG bu barada ýörite hasabat taýýarlapdy. Arap ýurtlary tarapyndan taslanan rezolýusiýa 114 ýurt razy, 18 ýurt garşy ses berdi, 44 ýurt bolsa saklandy.

Bu hasabat indi BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine berler. Emma analitikler 15 döwletiň agzalygyndaky guramanyň hereket etjege meňzemeýändigini aýdýarlar.

Goldstonyň hasabaty dekabr-ýanwar urşunda taraplaryň ikisini hem günäleýär, ýöne Ysraýyla berkräk daraýar.

Bu uruş 1300 palestinalynyň, 13 ysraýyllynyň ölümine sebäp bolupdy.
XS
SM
MD
LG