Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Andreý Zatokanyň işi boýunça sud diňlenşigi boldy


Şu gün düýbi Wenada ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy Türkmen Inisiatiwasy topary türkmenistanly tebigaty goraýjy aktiwist Andreý Zatokanyň işi boýunça Daşhowuzyň welaýat sudunda sud diňlenişiginiň bolandygyny habar berdi.

Türkmen Inisiatiwasy toparynyň maglumatyna görä, welaýat sudy Daşhowuzyň şäher sudunyň ozalky çykaran hökümini uýtgedipdir. Ýagny, şäher sudunyň Andreý Zatoka 5 ýyl türme tussaglygyny bermek baradaky çykaran kararyna kassasion tertipde seredip, welaýat sudy ony jerime tölemeklik bilen çalşyrypdyr.

Türkmen Inisiatiwasy toparynyň tassyklamagyna görä, Daşhowuzyň welaýat sudynyň hökümine laýyklykda Andreý Zatoka indi diňe 1000 manat jerime tölän badyna, azatlyga goýberiler.

Şu gün türkmenistanly ynamdar çeşmäniň bize habar bermegine görä, bu sud diňlenişiginden soň Türkmenistanyň häkimiýetleri Andreý Zatoka haýdan-haý ýurdy terk etmeklige görkezme beripdirler.
XS
SM
MD
LG