Sepleriň elýeterliligi

BMG Yrakdaky hüjümleri derňemäge çagyryldy


Yragyň daşary işler ministri Hoşýar Zebari ýakynda Bagdatda amala aşyrylan uly ýitgili hüjümlerde daşary döwletleriň eliniň bardygy barada bildirilýän aýyplamalar boýunça Birleşen Milletler Guramasyny ýörite derňew geçirmeklige çagyrdy.

Oktýabr aýynda Bagdatdaky hökümet edalarynyň golaýynda amala aşyrylan bomba partlamalarynda 150-den gowrak adam ölüp, 700-den gowrak adam ýaralanypdy. Yragyň daşary işler ministri Hoşýar Zebari öz beýanatynda bu soňky hüjümleriň Yrak döwletiniň hökümet institutlaryny hem-de ýurtdaky demokratik prosesleri ysmaz etmek maksady bilen gurnalandygyny nygtapdyr.

Yragyň häkimiýetleri bu hüjümlerde Al-Kaýda topary bilen ýurduň ozalky lideri Saddam Husseýniň häkimiýetden çetleşdirilen Baas partiýasynyň özara dildüwişikli hereket edendiklerini aýdýarlar.

Şeýle hem, Yragyň resmileri bu hüjümleri amala aşyrýan güýçleriň Siriýadan hereket edýändiklerini hem öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG