Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň hökümeti özi baradaky tankytlary ret etdi


Owganystanyň hökümeti käbir daşary döwletleriň liderleriniň we şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary derejeli resmisiniň bu ýurduň hökümeti barada aýdan tankytlaryny ret etdi.

Owganystanyň Daşary işler ministrligi bu barada ýaýradan beýanatynda daşary ýurtlaryň resmileriniň edýän tankytlarynyň kabul edilen halkara normalarynyň çäginden çykýandygyny hem-de Owganystanyň milli özygtyýarlygyna şek ýetirýändigini belläpdir.

Bu wakanyň öňýany Britaniýanyň premýer-ministri Gorden Braun Hamyt Kerzeýiň hökümetiniň boýdan-başa korrumpirlenendigini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edipdi.

Geçen hepdäniň penşenbu güni bolsa, BMG-niň Owganystandaky ýörite wekili Kai Eýde Owganystanda korrupsiýa we eden-etdiliklere garşy çynlakaý göreşiň alnyp barylmagyna çagyryş edipdi.
XS
SM
MD
LG