Sepleriň elýeterliligi

Tähran: Geçen hepdeki demonstrasiýalarda 109 adam tussag edildi


Tähranyň polisiýa edarasynyň başlygy general Azizullah Rajabzadeh geçen hepdäniň çarşenbe güni gurnalan demonstrasiýada polisiýanyň jemi 109 adamy tussag edendigini tassyklady.

General Rajabzadehiň aýtmagyna görä, bu tussag edilenlerden 47-si tussaglykdan boşadylypdyr, galan 62-si tussaghanada saklanylýar.

Eýranyň häkimiýetleri bu demonstrasiýalar wagtynda tussag edilen Germaniýanyň iki sany raýatynyň we Kanadanyň hem bir raýatynyň düýn tussaglykdan boşadylandyklaryny mälim etdiler.

Hepdäniň çarşenbe güni Eýranyň oppozisiýasyna tarapdar protestçileriň Tähranda geçiren bu parahat demonstrasiýasyny polisiýa güýçleri göz ýaşardyjy gazlary we dubinkalary ulanyp, dargytdylar.
XS
SM
MD
LG