Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda ipoteka kreditleriniň köpüsiniň ilata elýeterli däldigini ýerli synçylar aýdýarlar.

Türkmenistanda hökümet tarapyndan kesgitlenilýän emlägiň bahasynyň ur-tut ýokarlanandygynyň aňyrsynda näme ýatyr? Käbir ykdysatçylar bahalaryň ösmegine korrupsiýanyň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Ykdysady şertleri Türkmenistanyňkydan tapawutlanýan bolsa-da, Gazagystanda hem 3-4 ýyl mundan ozal emlägiň bahasynyň gaty ýokary bolandygyny aýdyp, ykdysatçy Pýotr Swoik bahalaryň şeýle galmagyna emläk söwdasyndaky dellallaryň ýetiren täsiri bilen bir hatarda korrupsiýanyň hem öz goşandyny goşandygyny belledi: “Emlägiň bahalarynyň onuň gurluşygyna sarp edilen serişdelerden on esse gymmat bolmagyna korrupsiýa hem bu söwdada dellalçylyk edenler sebäp bolýarlar” diýip, ykdysatçy Pýotr Swoik belledi.

Korrupsiýa näme?

Korrupsiýa diýen düşünje öz şahsy bähbitleriňi arap, eýeleýän wezipäňden hyýanatçylykly peýdalanmagy aňladýar. Korrupsiýa kölegeli ykdysadyýetiň esasy görnüşi hasaplanylýar. Korrupsiýanyň birnäçe görnüşi bolup biler. Ýagny hökümet edaralarynda işleýän çinownikleriň korrupsiýasy, firmalaryň menejerleriniň korrupsiýasy hem-de syýasatçylaryň korrupsiýasy bolup biler. Korrupsiýa diňe pul görnüşinde bolman, özara hyzmatdaşlyk görnüşinde hem bolup biler.

Adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin korrupsiýanyň diňe ykdysadyýete däl, eýse bütin jemgyýet gurluşyna-da ýaramaz täsir edýändigini aýdýar.

“Korrupsiýanyň yaramaz täsiri barada aýtsak, ilki bilen bu problema zerarly hökümet býujetine gelmeli serişdeler parahorlaryň kiselerine girýär. Parahorlyk zerarly şol býudjete gelmeli serişdeler bolsa, ilatyň sosial üpjünçiligine gönükdirilip, olary ykdysadyýeti ösdürmek üçin ulanyp bolardy” diýip, Farid Tuhbatullin belledi.
Korrupsiýa zerarly hökümet býujetine gelmeli serişdeler parahorlaryň kiselerine girýär


Ykdysatçy Annadurdy Hajyýew korrupsiýanyň ykdysadyýete ýetirýän iň ýaramaz tasirleriniň biri hökmünde açyk, adalatly bäsleşigiň esasynda iş alyp baryp bolmaýanlygyny belledi: “Iri gurluşyklaryň proýektleri boýunça tender yglan edilip, oňa gatnaşan kompaniýalaryň arasynda adalatly konkurs geçirilse, onda gurluşygy az çykdajy bilen işiň ýokary hilini kepillendirip biljek kompaniýalara tabşyryp bolardy” diýip, ykdysatçy belledi.

“Mysal üçin, Türkmenistanda aprel aýynda umumy bahasy bir milliard amerikan dollaryna barabar Aşgabatda gurulmaly birnäçe gurluşygyň hemmesiniň bir türk kompaniýasyna tabşyrylmagy müňkürlik döredýär” diýip, ykdysatçy belledi.

2007-nji ýylda BMG-niň Baş sekretary Pan Gimunyň korrupsiýa bilen bagly ýaýradan beýanatynda gurluşyk arkaly geçirilýän korrupsiýanyň möçberiniň şol gurluşyklaryň umumy bahasynyň 5%-den 30%-ine çenli ýetýändigi aýdylýar. “Mysal üçin, Afrikanyň ýurtlarynda ýylyna 140 milliarddan gowrak serişdäniň döwlet býujetlerinden ýitýändigi çaklanylýar. Bu bolsa afrika ýurtlarynyň jemi öndürilýän içerki önüminiň 25%-ine barabar bolup durýar” diýlip, maglumat berilýär.

“Korrupsiýa durnukly ykdysady ösüşiň mümkinçiliklerine zeper ýetirýär. Ol telekeçilige erbet täsir edýän durnuksyz ýagdaýy döredýär” diýip, jenap Ban Kimun belläpdir.

Sebäp bolýan faktorlar

Umuman, korrupsiýanyň döremegine birnäçe faktorlaryň sebäp bolýandygyny ykdysatçy Annadurdy Hajyýew aýdýar. “Olaryň biri hökümet edaralarynyň işgärleriniň az aýlyk almagy, ýöne şol bir wagtda-da dürli biznes strukturalaryna täsir etmäge giň ygtyýarlyklara eýe bolmagy ýaly ykdysady sebäpler bolup durýar. Ikinjiden, hökümet edaralarynyň işiniň ýapyk bolmagy, hökümetiň kadr syýasatynyň gowşaklygy korrupsiýanyň peýda bolmagyna getirýär” diýip, bilermen aýtdy.

“Üçünjiden bolsa, ilatyň passiwligi, öz hak-hukuklaryny talap etmekde guramaçylyksyzlygy, ilata gerekli maglumatyň elýeterli bolmazlygy ýaly sosial-medeni sebäpler korrupsiýanyň gülläp ösmegine getirýär” diýip, ykdysatçy nygtady. Türkmenistanda hem, beýleki postsowet döwletleriniň köpüsinde bolşy ýaly, şol sebäpleriň hemmesiniň bardygyny Annadurdy Hajyýew bize gürrüň berdi.

Korrupsiýa garşy göreş

Ykdysatçy Pýotr Swoik demokratik gurluşygy bolan, köp partiýaly parlament sistemasynda, erkin metbugaty, söz azatlygy berjaý edilýän döwletlerde korrupsiýa garşy has netijeli çäre görüp bolýandygyny aýdýar.

“Transparansy international” guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, dürli ýurtlarda daşary söwda çäklendirmeler azaldylyp, senagat syýasaty hemme kärhanalara hem pudaklara deň mümkinçilikleri bermek prinsipine esaslansa, hökümet edaralarynda işleýän spesialistleriň aýlyklary şol derejedäki hususy pudakda işleýänleriňkiden ýokary bolsa, şeýle şertlerde korrupsiýanyň möçberini azaldyp bolýandygyny bu ugurda geçirilen barlaglar görkezipdir.

2008-nji ýylda korrupsiýanyň derejesi boýunça “Transparansy international” guramasynyň ýaýradan maglumatynda Türkmenistan 180 ýurduň içinde Özbegistan, Zimbabwe, Kamboja, Gyrgyzystan bilen bir hatarda 166-njy orunda ýerleşdirilipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG