Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň Döwlet Gerbinde ýerleşdirilen bedewe alkyş.

Türkmen döwletine güwä üç nyşan,
Üçüň biri gerb töründe ornuň bar.
Sen Türkmene buýsanç,
abraý,
şöhrat şan
nesillere pederlerden ýadygär.

Türkmen janyn bedewine ynandy,
Höwürdi, syrdaşdy, dertdeşdi bile.
Şatlygy paýlaşdy, ýowuz günleri,
Başyňa baş goýup dertleşdi bile.

Akylly, asylly behişdi aty,
Türkmen doganyndan tutmady aýry.
Watany, namysy gorady bile,
Kowsa gutulmady del ýerli – saýry.

Türkmeniň söýgüsi taýlydy mydam,
Sap bedewe, sap gözele mejnundy.
Tumar dakyp, bezäp altyn – kümüşden,
Ibirşin ýüpekden besläni çyndy.

Atadan soň atyn görüp sabada,
Özünden öň iýdiripdi atyna.
At alnyndan çykan çüwen ykbaldy,
At segredip girdi taryh gatyna.

Daban ýalan gurrumsaklaň sülsady,
Bir gedemjik öňi bil büküp ençe.
Seni şol gedeme berdiler sowgat,
Ýöne ol kim, saňa eýe bolarça?

Sen türkmeniň asly halal malysyň
Namys goran atlaň nesli, Ýanardag!
Dowamy sen merde gardaş bedewleň,
Sap bedewleň sen sap asly, Ýanardag!

Laçyn dek bakyşly gözleri röwşen,
Sagrysy meýdanly, döşleri ýaýbaň.
Gamyş gulak, gülgün aýak kirş kimin,
Gül endama altyn suwy çaýylan.

Seni söýen iki dünýä ýalkanar,
Dil ýetiren şek ýok, dilinden tapar.
Gyýa bakan bahyl tapar gözünden,
Barmagyn uzadan pälinden tapar.

Dilegim, bedene gamçy degmesin,
Sen tisginme tebil tapyp hiç zaman.
Erkiň alynmasyn eýer salynyp,
Badyň alynmasyn uýan salynyp,
Baky erkana bol.
Bol baky aman!

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG