Sepleriň elýeterliligi

Yslam Konferensiýasy Guramasynyň ýygnagy geçirilýär


Yslam konferensiýasyna agza ýurtlaryň liderleri şu gün Türkiýäniň Ystambul şäherinde duşuşýarlşar.

Bu samitde bu gurama agza 57-ýurduň wekilleriniň arasynda ykdysady we söwda aragatnaşyklaryny artdyrmak barada pikir alşylar.

Sudanyň Darfur regionynda bolanlygy aýdylýan jenaýat boýunça halkara jenaýat sudy tarapyndan tussag edilmegi talap edilýän Sudanyň lideri Omar Al-Başiriň bu ýygnaga gatnaşmajagy aýdyldy.

Ýewropa Bileleşigine agza bolmaga synanyşýan we NATO guramasynyň agzasy bolan Türkiýe Sudanyň lideriniň Ystambula gelmegine rugsat etmezligi barada Ýewropa Bileleşigi tarapyndan basyş edilýärdi. Türk ýolbaşçylary bolsa Al-Başiriň Türkiýä gelen ýagdaýnda onuň tussag edilmejegini mälim etdiler.

Bu ýygnaga Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejadyň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Ol iýun aýyda Eýranda geçirilen jedelli saylawlarda gaýtadan prezidentlik wezipesine eýe boldy.

Şeýle-de onuň bu sapary, Eýranyň ýadro programmasy boýunça Tähran bilen Günbataryň arasynda dowam edýän dartgynly döwüre gabat geldi.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýip Ärdogan oktýabr aýynda Tähranda bolup, ol şol saparynyň dowamynda Eýranyň ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlara eýerýändigine öziniň ynanýandygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG