Sepleriň elýeterliligi

Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 20 ýyllygy bellenilýär


Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 20 ýyllygy bilen bagly şu gün Germaniýada geçiriljek dabaralara tanymal şahsyýetleriň ençemesi gatnaşarlar.

Mundan 20 ýyl ozal Gündogar Ýewropada ýerleşýän ýurtlarda amala aşyrylan rewolýusiýalaryň, şeýle-de demokratiýany goldap çykyş edýän aktiwistleriň basyşy zerärli, Gündogar Germaniýanyň şol wagtky kommunist ýolbaşçylary Berlini ikä bölýän diwary açmaga mejbur bolupdylar.

Şol wakadan soňra ençeme Gündogar Germaniýaly Günbatar Germaniýa geçdi. Bu waka Günbatar bilen Gündogaryň arasynda dowam edýän Sowuk söweşiň gutaranlygy hökmünde ýaňlandy.

Berliniň Brandenburg derwezesinde geçiriljek bu dabaralara, öňki Sowet Soýuzynyň iň soňky lideri Mihail Gorbaçýow bilen bir hatarda Polşanyň kommunistlere garşy çykyş eden raýdaşlyk we kärdeşler arkalaşygy jemgýyetiniň lideri Leh Walesa dagylar gatnaşarlar.

Şeýle-de, Britaniýanyň premeýer-ministri Gordon Brown, Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkozi, Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin we Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillari Klinton dagylaryň hem şol ýere barmagyna garaşylýar.

Bu dabaranyň öý eýesi bolsa Germaniýanyň kanseleri Angela Merkeldir.


XS
SM
MD
LG