Sepleriň elýeterliligi

Yragyň parlamenti saýlawlar baradaky kanuny tassyklady


Yragyň parlamenti bu ýurtda 16-njy ýanwarda geçirilmegine garaşylýan milli saylawlardan öň saylawlar baradaky kanuny tassyklady.

Bu kanunyň tassyklanmagyna esasy böwet bolup duran mesele Yragyň demirgazygynda ýerleşýän nebite baý Kerkük şäheriniň statusydy. Sebäbi bu şähere Araplar we kürtler bilen bir hatarda türkmenler hem eýe çykýarlar.

Kanun çykaryjylar, Kerkük we şoňa meňzeş beýleki köp milletli jedelli hem-de saýlawlar boýunça kanun barada ylalaşmazlyklar dowam edýän regionlarda ses berlişikleriň netijesiniň wagtlaýyn bolmagy boýunça ylalaşdylar.

Saýlawlar barada geçirilen bu jedel beýleki ýurtlar tarapyndan hem ýakyndan yzarlandy. Sebäbi bu problema boýunça ýanwarda geçiriljek saylawlaryň gijä galdyrylmagynyň Birleşen Ştatlaryň Yrakdan öz goşunyny çekmek baradaky planyna-da täsir ýetirmeginden alada edilýärdi.

Emma bu kanunuň tassyklanmagyna garamazdan, ses berişligiň 16-njy ýanwarda geçiriljekdigi henizem anyk däl.
XS
SM
MD
LG