Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Has güýçli ykdysady ösüşe garaşylýar


Aşgabadyň Atamyrat Nyýazow şaýoly, 25-nji iýul, 2009 ý.
Aşgabadyň Atamyrat Nyýazow şaýoly, 25-nji iýul, 2009 ý.

Türkmenistanyň hökümeti ýurduň sosial-ykdysady ýagdaýyna syn edip, soňky 10 aýyň jemlerine baha berdi. 6-njy noýbarda geçirilen hökümet maslahatynda ýurduň gurluşyk pudagynyň ýagaýyna-da garaldy.

Hökümet maslahatynda ýurtda makroykdysady görkezijileriň durnukly ösüşiniň göze ilýänligi bellenildi. Wise-premýer T.Japarowyň sözlerine görä, 2009-njy ýylyň 9 aýynyň jemlerine laýyklykda, umumy içerki önümçiligiň ýokary derejesi üpjün edildi we ol 106%-den ybarat boldy.

Ösüş görkezen pudaklaryň arasynda oba hojalygy, gurluşyk, transport, aragatnaşyk, söwda we hyzmatlar pudagy agzaldy. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende elektro-energiýa, mineral dökünler, käbir gurluşyk materiallary, dokma, derman, oba hojalygy önümçiliginde-de, şeýle-de bilelikdäki we daşary ýurt kompaniýalary bilen bile alnyp barylýan nebit-gaz önümçiliginde hem ösüşiň bolanlygy habar berildi.

TDH gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanda maýa goýumlarynyň özleşdirilmeginiň mukdary hem geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki ýarym prosentden gowrak artypdyr. Daşary söwda dolanyşygy hem ösýär. Ilatyň durmuş derejesi göterilýär. Ýylyň 9 aýynyň dowamynda tutuş ýurt boýunça ortaça aýlyklar geçen ýylkysyndan 10,8% ösüpdir. Bu barada TDH-niň maglumatynda aýdyldy.

Resmi görkezijiler we halkyň durmuşy

Ýurtda budjet işgärleriniň zähmet haklarynyň we pensiýadyr-sosial tölegleriň belli bir derejede ýokarlananlygyny we käbir pudaklarda iş orunlarynyň köpelenligini Türkmenistanyň ýaşaýjylary gürrüň berýärler. Hususan-da, prezidentiň gurluşyk pudagy boýunça beren ozalky käbir tabşyryklaryna görä, gurluşyklarda işleýän ýurduň raýatlarynyň sanynyň köpelenligi, olaryň aýlyklarynyň-da ozalkysyndan göterilenligi aýdylýar. Emma ykdysady ösüş görkezijileriniň we aýlyklaryň ýokarlanmagynyň ilat köpçüliginiň durmuş derejesinde onçakly göze ilmän gelýänligini synçylar aýdýarlar. Muňa näme sebäp bolýar?

Žurnalist Amanmyrat Bugaýew muny ýurt içinde nyrhlaryň gymmatlygy we işsizlik problemasy bilen baglanyşdyrdy: “Bazaryň korzinasy gymmat adamlaryň alýan aýlygyndan. Maşgalada işe ýaramly bäş adamdan biri işe ýerleşip bilse, bagtynyň gaty bir çüwdügidir. Netijede bir adam özi ýaly işe ýaramly birnäçe adamy eklemeli bolýar”.

Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, gurluşyk barada aýdylanda, ýerli ýaşaýjylaryň güýji esasanam welaýatlarda gidýän kiçiräk gurluşyklarda, jaý gurluşygynda we Aşgabat şäherinde jaýlary abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlerde ulanylýar. Şol bir wagtda-da türkmen gurluşykçylarynyň we hatda spesialistleriniň-de daşary ýurtly kärdeşlerine garanda has köp işläp, zähmedine has az hak alýanlygyny A.Bugaýew belledi.

Halk hojalygynyň ösüşine gurluşygyň täsiri

Geçen anna günki hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow gurluşyk pudagynyň ähmiýetini aýratyn nygtamak bilen pudagyň mundan beýläk-de ösüşine itergi bermegiň zerurlygyny aýtdy. Prezidentiň pikirine görä, köp pudaklaryň netijeliligi göni gurluşyk ugrunyň ösüşine bagly.

Ýurtda gurulýan obýektleriň hili we işe girizilmeginiň möhleti ýaly meselelere berk gözegçiligi dowam etdirmegi tabşyrmak bilen G.Berdimuhamedow käbir ýolbaşçylaryň jogapkärçiliksizligini tankyt etdi we munuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Energetika we senagat ministri Ýazgulyýewe berk käýinç bermek barada permana gol çekdi. Emma ýolbaşçylar tarapyndan jogapkärçilik we gözegçilik taýdan goýberilýän kemçilikler takyklanmady.

Gurluşyk ugrunda ýurtda nähili kemçilikler bar?

Hökümetiň soňky maslahatynda ýene-de “Awaza” proýektiniň ähmiýeti nygtaldy. Şol bir wagtda-da ýurtda ilat üçin ýaşaýyş jaý ýetmezçiligi agyrlygyna galýar. Munuň bilen birlikde ýurtda oňaýlylygy ýokary jaýlaryň gurluşygy dowam edýär.

Merkezi Aziýa boýunça analitik Artýom Ulunýan munuň sebäbini gurluşyk pudagyndaky korrupsiýa bilen baglanyşdyrýar: “Ýokary oňaýlykly jaýlaryň gurluşygy ilkinji nobatda gurýanlara we gurdurýanlara maliýe taýdan bähbitli. Ýagny, mundan häkimiýetler peýda görýärler. Ýokary oýaýlykly jaýlaryň, köşkleriň hem myhmanhanalaryň gurluşygy Türkmenistanda öz bähbitlerini öňe sürmek üçin dürli töleglere ukyply daşary ýurtly şirketler tarapyndan amala aşyrylýar”.

Artýom Ulunýanyň pikirine görä, gurluşyk pudagyndaky korrupsiýa ýurt ykdysadyýetine zyýan ýetirmekden daşgary ilatyň häkimiýetlere bolan ynamsyzlygyny hem gýçlendirýär. Türkmenistanda ýokary oňaýlykly jaýlary satyn almakda-da deňsizligiň höküm sürýänligi aýdylýar.

Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, meselem, ýurduň nebit-gaz pudagynyň işgärleri jaý satyn alanda, onuň ýarysy özleri, ýarysy bolsa edara tarapyndan tölenilýär, kanuny goraýjy edaralaryň işgärleri bolsa satyn alýan jaýlarynyň diňe 30 %-ni töleýärler, beýleki bujet pudaklarynyň, şol sanda medisina we magaryf işgärleri, jaý edinjek bolsalar, doly bahasyny tölemeli bolýarlar. Bahalar gymmat bolansoň, ýurtdaky aýlyklaryň nukdaýnazardan jaý satyn almak köplere elýeterli däl.

“Öňegidişliklerem göze ilip başlady”

Amanmyrat Bugaýew şäher gurluşygy ugrunda ozalky tejribelere garanda, pozitiw öňegidişlikleriň başlananlygyny gürrüň berdi we Aşgabat şäherinde häzir jaýlary abadanlaşdyrmak işleriniň alnyp barylýanlygyny aýtdy.

“Indi türkmen hökümeti jaýlary ýykmak tejribelerinden belli bir derejede el çekip, köne jaýlary bejerip başlady. Gaty owadan jaýlar emele gelýär we şol öňki jaýlar täze mermer jaýlardan has göze ýakymly” diýip, A.Bugaýew aýtdy.

Türkmenistan geljek ýyldan başlap, has ýokary ykdysady depginlere garaşýar. Bu barada ýurduň döwlet we hökümet baştutany G. Berdimuhamedow 6-njy noýbarda geçiren hökümet maslahatynda aýtdy we ol öz sözlerini “öňünden döreýän obýektiw şertler hem muny tassyklaýan garaşsyz halkara guramalarynyň bahalary” bilen delillendirdi.

TDH-niň maglumatyna görä, 6-njy noýbardaky hökümet maslahatynda ýurduň 2010-njy ýyl boýunça döwlet bujetini taýýarlamak işini tizleşdirmek tabşyrygy berlip, bujetiň sosial tarapynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
XS
SM
MD
LG