Sepleriň elýeterliligi

“Yslam konferensiýasy guramasynyň” liderleri Stambulda


Stambuldaky sammita Eýranyň prezidenti-de gatnaşýar, 9-njy noýabr. 2009-njy ýyl.

Stambuldaky sammita Eýranyň prezidenti-de gatnaşýar, 9-njy noýabr. 2009-njy ýyl.

Dünýäniň iň uly yslamçy toparlanyşygy hasaplanylýan “Yslam konferensiýasy guramasynyň” liderleri Stambulda ýygnanyşyp, gurama agza ýurtlaryň arasynda söwda hyzmatdaşlygy we garyplyga garşy göreş dogrusynda pikir alyşýarlar.

9-njy noýabrdaky maslahata Sudanyň we Eýranyň prezidentleri Omar Hasan al-Başir bilen Mahmud Ahmedinejadyň gatnaşmagynyň beýleki meseleleriň üstüne kölege saljakdygy aýdyldy.

Jenaýatçylykda aýyplanýan el-Başir

Adamkärçilige garşy uruş jenaýatçylygynda aýyplanan el-Başiriň tussag edilmegi hakynda Halkara jenaýat sudy görkezme berdi. Oňa Sudanyň Darfur regionynda parahat ilata hüjüm etmekde jogapkär diýlip, aýyplama bildirilýär.

Halkara jenaýat sudy boýunça 2002-nji ýyldaky Rim Statusyna gol çekmedik Türkiýe el-Başiri tussag etmek planynyň ýokdugyny aýdýar. Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül Ýewropa Bileleşigini Omar el-Başiri çagyrmak meselesinde Ankaranyň içki işlerine goşulmakda aýyplady.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan hiç bir musulman özgeleri genosid edip bilmez diýdi. Eger şular ýaly garaýyş bar bolsa, ony prezident el-Başir bilen ýüzbe-ýüz gepleşip bolar diýdi.

7-nji noýabrdaky çykyşynda “Yslam konferensiýasy guramasynyň” baş sekretary Türkiýeli Ekmeleddin Ihsanoglu el-Başiriň sammite goşulmagynyň tebigydygyny aýtdy: «Bu bir köp taraply duşuşyk. Sudan-da YKG-niň agzasy we edil BMG-niň ýa-da Afrika Birleşigi ýa-da beýleki guramalaryň wekilleriniň gatnaşyşy ýaly, onuň-da agza ýurduň prezidenti hökmünde maslahata gatnaşmagy tebigy zat. El-Başira garşy bir mesele gozgalan, ýöne sud bu barada karar kabul edenok, bu örän aýdyň mesele» diýip, Ihsanoglu aýtdy. Soňky gowşan maglumata görä el-Başir Stambula gelmegini goýbolsun edipdir.

Türkiýe Günbatardan daşlaşýarmy?

Bir günlük maslahata çagyrylan myhmanlar Ýewropa Bileleşigine agza bolmaga kandidat döwlet hökmünde Türkiýäniň daşary syýasatynyň Günbatardan çetleşýänligi we regionda dosty bolan Ysraýyldan arasyny açýanlygy Ýewropa Bileleşiginiň we ABŞ-nyň ünsüni özüne çekdi.

Stambuldaky sammita Eýranyň prezidenti-de gatnaşýar. Eýranda jedelli saýlawlardan soňra onuň prezident diýlip yglan edilmegi we Tähranyň öz ýadro programmasy sebäpli Günbatar bilen bar bolan tendensiýanyň dowam etmegi Ahmedinejadyň Stambula gelmegi-de üns merkezinde durýar.

Oktiýabr aýynda Tährana baran Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Eýranyň ýadro programmasynyň bütünleý parahatçylykly maksatlydygyny öňe sürdi. Şol wizitiň dowamynda taraplar söwda we energiýa hyzmatdaşlygy hakynda birnäçe ylalaşyga-da gol çekipdiler.

YKG-niň Stambuldaky maslahatyna Siriýanyň prezidenti Başar el-Asadyň, Palestinanyň premýer-ministri Salam Faýýadyň gatnaşmagyna garaşylýar. Stambula Owganystanyň prezidenti Hamed Karzaý-da bardy. Prezidentlige gaýtadan saýlanan Karzaý ilkinji daşary ýurt wizitine Türkiýeden başlady.

Şonuň ýaly-da bu gurama agza bolan Türkmenistandan we Özbegistandan-da wekilleriň ýygnaga gatnaşandygyny Türkiýäniň TRT telekanaly habar berdi.

Saud Arabystanynda esaslandyrylan YKG-ä häzirki wagtda jemi 57 döwlet agza bolup durýarlar.
XS
SM
MD
LG