Sepleriň elýeterliligi

Kerzeý yslam döwletlerini Owganystan bilen ýakyň gatnaşyklara çagyrdy


Şu gün Owganystanyň prezidenti Hamyt Kerzeý ýurtda uzak dowam edip gelýän krizisleri azaltmak üçin yslam döwletlerini Owganystan bilen ýakyň söwda gatnaşyklaryny ýola goýmaklyga çagyrdy.

Hamyt Kerzeý bu barada şu gün Türkiýäniň Ystambul şäherinde geçirilýän Yslam Konferensiýasy guramasynyň Sammitinde eden çykyşynda nygtady.

Dünýäniň 57 döwletini özüne birikdirýän Yslam Konferensiýasy guramasynyň bu nobatdaky Sammitinde esasan bu gurama agza ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de gedaýçylyga garşy göreşmek ýaly meseleler üns merkezinde bolar diýlip garaşylýar.

Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat öz çykyşynda dünýä ykdysadyetiniň täze düzgünlere esaslanmagynyň zerurdygyny nygtady we kapitalistik sistemanyň häzirki ulanýan prosent düzgünleriniň bu sistemanyň esasy problemasydygyny öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG