Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Waşingtonda Ysraýylyň premýer-ministri bilen duşuşar


Şu gün Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Waşingtonda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen gepleşik geçirmekligi planlaşdyrýar.

Bu gepleşiklerde esasan Ysraýyl-Palestin parahatçylyk meseleleri bilen baglanyşykly temalar ara alnyp maslahatlaşylar diýlip garaşylýar. Ýöne Waşingtonyň resmileri bu gepleşikleriň anyk gün tertibi barada häzirlikçe hiç hili maglumat bermediler.

Soňky wagtlar Benýamin Netanýahuwyň ýolbaşçylygyndaky Ysraýyl hökümetiniň Günbatar Kenardaky Palestina degişli territoriýada gurluşyk işlerini ýaýbaňlandyrmagy bilen Ysraýyl-Palestin parahatçylyk gepleşikleriniň ýagdaýy hem çylşyrymlaşdy.

Prezident Barak Obamanyň administrasiýasy Ysraýylyň bu gurluşyk işleriniň togtadylmagyna çagyryş edip gelýär.
XS
SM
MD
LG