Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşington bilen Moskwa ýaraglary azaltmak barada ylalaşyga gol goýar


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Barak Obama strategiki ýadro ýaraglaryň sanyny azaltylmak baradaky şertnama dekabrda Orsýet bilen gol goýulmagyna umyt edýänligini aýtdy.

Obama bu baradaky pikirini “Roýter” habar agentligine beren interwýusynda öňe sürdi. START diýilip atlandyrylan bu şertnamanyň möhleti dekabr aýynda tamamlanýar.

Mälim bolşuna görä, Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň wekilleri täze şertnamanyň jikme-jigini işläp düzmek barada iş alyp barýarlar. Bu şertnamanyň umumy görnüşi iýul aýynda Orsýetiň prezidenti Medwedew we Birleşen Ştatlaryň prezidenti Obama tarapyndan tassyklanypdy.

Obama aýratynam ýadro ýaraglaryň ýayramagynyň öňüni almak boýunça soňky bir näçe aýyň dowamynda edilen aladanyň soňky ençeme ýyldan hem köp bolanlygyny öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG