Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Liwanyň lideri täze hökümetini gurdy


Liwanyň premýer-ministri Saad Hariri esasy garşydaşy bolan Hezbullah tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän oppozision toparlary bilen 4 aý dowam eden gepleşiklerden soňra düýn milli birlik hökümetini gurdy.

30 agzadan ybarat ministrleriň sanawy, Saad Hariri bilen prezident Mişel Soleýman tarapyndan gol goýulandan soňra düýn halk köpçüligine aýan edildi.

Bu sanawa goşulanlardan 15-si Haririniň ýolbaşçylyk edýän toparynyň agzasy bolup, beýleki 10-y bolsa Eýran we Siriýa tarapyndan goldanylýan oppozision toparlaryndan we galan bäşi prezident Mişel Suleýman tarapyndan saýlanyldy.

Bu ýagdaý täze kabinetde hiçbir partiýanyň weto sesine eýe bolmajagyny aňladýar. Şeýle ýagdaýda prezident Suleýman araçy rolyny berjaý eder.
XS
SM
MD
LG