Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň oppozisiýa agzalary Obama ýüzlendiler


Tähranyň koçelerine çykan Eýranyň oppozision ”Ýaşyllar hereketiniň” agzalary Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama açyk talap bilen ýüzlendiler, 4-nji noýabr, 2009-njy ýyl.
Tähranyň koçelerine çykan Eýranyň oppozision ”Ýaşyllar hereketiniň” agzalary Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama açyk talap bilen ýüzlendiler, 4-nji noýabr, 2009-njy ýyl.

4-nji noýabrda prezident Mahmud Ahmedinejadyň hökümetine garşy protest bildirip, Tähranyň koçelerine çykan Eýranyň oppozision ”Ýaşyllar hereketiniň” agzalary Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama açyk talap bilen ýüzlendiler.

Birleşen Ştatlaryň Eýrandaky ilçihanasynyň basylyp alynmagynyň 30 ýyllygyna gabatlanyp geçirilen bu ýörişde müňlerçe protestçiler prezident Obamany öz pozisiýasyny anyklaşdyrmaga çagyrdylar. Has dogrusy, olar Obamany ýa-ha Eýranyň hökümetiniň tarapynda bolmaklyga ýa-da özleriniň hökümete garşy alyp barýan göreşlerini goldamaga çagyrdylar.

Eýranyň oppozisiýasynyň agzalary şu ýylyň 12-nji iýunynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda giň gerimde galplyklaryň amala aşyrylandygyny öňe sürüp, Mahmud Ahmedinejady hem şol galplyklaryň netijesinde prezidentlik kürsüsini eýelän diýip hasaplaýarlar.

Oppozisiýanyň tarapdary, tähranly žurnalist Emir ”Azatlyk” radiosyna beren interwýusynda protestçileriň eden çagyryşlaryny Eýranyň ýadro programmasy meselesinde Birleşen Ştatlaryň çakdanaşa eglişikli meýillerine halkyň bildiren reaksiýasy diýip düşündirdi. Žurnalist Emir Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýrandaky oppozision hereketlere ähmiýet bermän, Eýranyň hökümeti bilen çakdanaşa eglişikli ylalaşyklara meýil bildirýändigini aýdýar.

Oppozisiýanyň aladasyny näme artdyrdy?

Mälim bolşy ýaly, ýakynda BMG-niň Halkara Atom agentligi Eýrana özüniň pes derejede baýlaşdyrylan uranyny daşary döwletlere eksportirläp, şol döwletlerde-de öz uranyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanyp boljak ýadro ýangyçlaryna öwürmekligi teklip etdi. Bu baradaky taslamany Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Orsýet we Fransiýa ýaly ýurtlar hem goldadylar.

Bu meselede halkara jemgyýetçiliginiň Eýranyň hökümetine hödürlän teklibi ýurduň oppozisiýasynyň aladasyny artdyrdy. Eýranyň hökümetini bikanun diýip yglan edip gelýän oppozisiýa agzalary özleriniň bu ugurdaky hereketlerine halkara jemgyýetçiliginiň raýdaşlyk bildirmändigini aýdyp, bu ýagdaýdan nägilelik bildirdiler.

Oppozisiýanyň tarapdary, tähranly žurnalist Emir Eýranyň häzirki hökümeti bilen hyzmatdaşlyklaryny güýçlendirmäge çalyşýan Obamanyň administrasiýasynyň bu meselede goýberjek islendik bir ýalnyşynyň Eýranyň raýatlarynyň arasynda Amerikanyň abraýynyň pese gaçmagyna getirip biljekdigini aýdyp, duýduryş berýär.

”Ýaşyllar hereketiniň” başga bir agzasy Mustafa Hosrawy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we beýleki Günbatar ýurtlaryň şu çaka çenli özlerine diňe ýuzleý raýdaşlyk bildirip gelendiklerini belläp, şeýle diýdi: «Özlerini ynsan hukuklaryny goraýjylar diýip hasaplaýan ýurtlar Eýranda diňe öz graždanlaryna uly basyş görkezilen halatynda ýa-da öz bähbitlerine howp salnan ýagdaýa reaksiýa bildirýärler».

Diňe ýadro meselesimi?

Eýranly reformaçy žurnalist Saraýeddin Mirdamadi hem ”Azatlyk” radiosynyň Pars gullugyna beren interwýusynda Günbataryň Eýran bilen gepleşiklerinde ünsi diňe ýadro meselesine gönükdirmeginiň oňyn netije bermejekdigini aýtdy: «Elbetde, ýadro meselesi Birleşen Ştatlar we Günbatar üçin iň möhüm mesele bolup durýar. Ýöne, eger-de ýurtdaky ynsan hukuklary we demokratiýa bilen baglanyşykly meseleler çözülmese, onda bu ýurtlaryň arasyndaky krizislere durnukly we hemişelik çözgüt tapylmaz».

Oppozisiýanyň wekilleri 4-nji noýabrda Tähranda geçirilen demonstrasiýalarda ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň parahat ýörişlere garşy çakdanaşy gazaply güýç ulanandyklaryny aýdyp, bu bolan wakalara-da Günbatar ýurtlaryň ýüzleý reaksiýa bildirendiklerini öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG